Iň täze habarlar

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine berýär

04.07.2023 | 20:42 |
 “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine berýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gyzklanma bildirýän taraplara amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine ulanmaga berýär.

Häzirki wagtda paýdarlar jemgyýetiniň Aşgabat şäherindäki Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän bölüminde 20 futluk göwrümi bolan ýük konteýnerleriň 750 sanysy bar. Has takygy, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ähli gyzyklanýan taraplara konteýnerleri aşakdaky nyrhlarda kärendesine ulanmaga berýär:

tulm konteyner.webp

Kärendesine alnan ýük konteýnerleri üçin tölegler her aýyň başynda amala aşyrylýar.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň edarasy bilen habarlaşmak üçin şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

Telefon belgisi: (+993 12) 28-60-30.

E-poçta: info@tulm.tm

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, jaý 7.

ORIENT news

Foto: tulm.tm

Şeýle hem okaň: