Iň täze habarlar

Türkmen Orfeýi – Nury Halmämmedowyň fenomeni. Kompozitoryň 85 ýyllygyna

20.06.2023 | 23:37 |
 Türkmen Orfeýi – Nury Halmämmedowyň fenomeni. Kompozitoryň 85 ýyllygyna

2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Nury Halmämmedow (1938-1983) 85 ýaşardy, ol 20-nji asyrda ýaşady we döretdi, ýöne onuň mirasy häzirki döwürde diňe bir aktuallygy bilen tapawutlanman, onlarça ýyllaryň dowamynda eserleri dünýäde iň köp ýerine ýetirilýän türkmen kompozitory bolmagynda galýar. Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň mukamy” halkara sungat festiwalynyň ýolbaşçysy, Ýewraziýa kompozitorlar bileleşiginiň Türkmen sebit bölüminiň başlygy, türkmen saz sungatyny dünýä ýaýmaga öz saldamly goşandyny goşýan kompozitor Mämmet GUSEÝNOWYŇ ORIENT-iň redaksiýasyna ugradan makalasy saz sungatynyň ägirdi hasaplanýan Halmämmedowyň şahsyýetine, türkmen medeniýetindäki ornuna bagyşlanýar. Awtora minnetdarlyk bilen bu makalany okyjylarymyzyň dykgatyna hödürleýäris:

Kompozitor Nury Halmämmedow türkmen halk aýdym-sazyny dünýä medeniýetiniň belentliklerine çykaran türkmen nusgawy kompozitorlarynyň iň ajaýyp zehinlerinden biridir. Ol diňe bir tutuş adamzat nesline halkyň köp asyrlyk milli däp-dessuryny açyp görkezmän, eýsem ahlak we ruhy gymmatlyklaryny öz döredijiligine siňdirmegi başaran Türkmen Orfeýine öwrüldi.

Halmämmedow ilkinji nobatda, “Şükür bagşy”, “Keç pelek”, “Mukamyň syry”, “Aýgytly ädim” ýaly filmlere ýazan sazy bilen halk köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Onuň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolany üçin ene-mamalarymyz “Aýgytly ädim” filminde ýaňlanýan hüwdini öz körpelerine hiňlenenlerinde, ony halk döredijiliginden däldir diýip, asla pikir hem edenoklar. Başga bir mysal: merhum soňky ýoluna Halmämmedowyň “Keç pelek” filmine ýazan matam sazy astynda ugradylýar.

Görnükli türkmen kompozitory beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň doglan, ýaşan we döreden keramatly ýerlerinden uzak bolmadyk ýerde – Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Daýna obasynda dünýä inýär.

Ene-atasyndan ir jyda düşen Nury Baýramaly şäherindäki ýetimler öýünde terbiýelenýär we şol ýerde mugallym Olga Alekseýewna Kriwçenkodan başlangyç saz bilimini alýar.Ýedi ýyllyk okuwyny dört ýylda tamamlan Nury Aşgabadyň sazçylyk uçilişesine okuwa girýär (soňra ol ýerde saz amaly derslerinden sapak berdi).

1 (1).jpg

Uçilişäni iki hünär boýunça tamamlan Nury zehinli okuwçylaryň hatarynda Moskwanyň konserwatoriýasyna okuwa girmäge ýollanma alýar we Anatoliý Nikolaýewiç Aleksandrowyň halypalyk etmegi bilen 1963-nji ýylda kompozisiýa hünäri boýunça okuwyny tamamlaýar. Halmämmedowyň diplom işi bolan "Türkmenistan" simfoniki eseri 1963-nji ýylyň maý aýynda Bütinsoýuz radio we telewideniýesiniň Uly simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde gutardyň synagynda ýaňlanýar. Saz öwrenijiler bu kompozisiýany “altmyşynjy ýyllaryň birinji ýarymynda türkmen simfoniki sazynyň iň täsirli we özboluşly hadysalarynyň biri” diýip kesgitlediler.

Nury Halmämmedowyň döredijilik täzeçilligi halk döredijiligi bilen ýakyn baglanyşykda ýüze çykdy, onuň netijesi "häzirki zaman simfoniki sazynyň millilikbilen organiki birleşmesi" bolup ýaň saldy. Kompozitoryň döredijilik köptaraplylygy döreden eserleriniň: simfoniki, kamera-instrumental, wokal-hor, film üçin saz ýaly dürli žanrlarda bolmagy bilen düşündirilýär.

2 (1).jpg

Türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleri – Magtymgulynyň we Mollanepesiň sözlerine, XIX asyryň halk şahyrlarynyň sözlerine, şeýle hem Sergeý Ýeseniniň, Genrih Geýnäniň, 20-nji asyryň ýapon şahyrlarynyň (“Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň soňlanmadyk aýdymlary”) sözlerine ýazylan saz eserleri kompozitoryň döredijiliginde aýratyn orun tutýar. Şygryýet sazyny duýmagy, sözüň içki pelsepesini açmagy başarmak ukyby saz ussadyna wokal sazynyň naýbaşy eserlerini döretmäge mümkinçilik berdi.

Tanymal kompozitorlar we saz tankytçylary Nury Halmämmedowyň döredijiligine ýokary baha berýärler. Rodion Şedrin G.Ezizowyň sözlerine solistler, hor we orkestr üçin «Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň ýadygärligine» atly wokal - simfoniki poema “uly jemgyýetçilik we raýat ýaňy” eseri hökmünde baha berdi.

3 (1).jpg

Diňe fortepiano üçin Nury Halmämmedow elliden gowrak eser döretdi. Olaryň arasynda has meşhurlary - “Elegiac Prelude and Fugue” we kompozitoryň meşhur dutarçy Mylly Täçmyradowa bagyşlap döreden we ýaş kompozitorlaryň Bütinsoýuz bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp bolan “Dutaryň owazy” atly konsert eseridir. Halmämmedowyň fortepiano eserleri açyk owazlylygy bilen tapawutlanýar. Gözbaşyny gadymy bagşyçylyk sungatynyň jümmüşinden alýan açyk-aýdyň depginlilik sazyň milli tebigylygyny açyp görkezýär. Kompozitor ussatlyk bilen fortepianonyň ähli mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Bu aýratynlyklaryň onuň ähli eserlerine mahsusdygyny aýdyp bileris.

Nury Halmämmedow 1983-nji ýylyň 4-nji awgustynda aradan çykdy. Ol bir owadan pursat kimin geçen ömrüni tutuşlygyna sungata bagş etdi. Onuň hatyasyna Aşgabatda dikeldilen ýadygärligiň ýerleşen köçesi beýik kopmozitoryň adyny göterýär. Ýene bir ýadygärlik Halmämmedowyň dogduk mekany Daýna obasynda bina edildi. 2015-nji ýyldan bäri Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” Halkara sungat festiwaly geçirilýär. Bu ýyl Moskwada VII festiwal geçiriler.

4 (1).jpg

Halmämmedowyň sazynyň Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşynda akyla sygmajak meşhurlygynyň syry nämede? Aslynda Halmämedow, başga bir türkmen kompozitory – Rejep Allaýarow kimin, täzeçillik ornaşdyryjy bolmandy. Emma Halmämmedowyň sazy hemmeler üçin şeýle bir ýakyn we ýürekdeş saýylýar.

Mümkin, munuň sebäbi onuň saz diliniň aýratyn köpgyraňly bolmagyndadyr. Halmämmedowy dirikä nirede bolsa-da, hemmeler “özüniňki” saýdy, bu gün bolsa ol tutuş dünýäň adamsyna öwrüldi. Islendik milletden bolan sazandalar onuň döredijiliginde özlerine ýakynlygy görýärler, bu bolsa XVIII asyryň iňlis şahyry Çarlz Çerçiliň "Geniniň milleti ýok" diýen jümlesini tassyklaýar.

5.jpg

Foto: Mämmet Guseýnow tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: