Iň täze habarlar

Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

13.08.2025 | 15:30 |
 Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Hytaýyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. 2023-nji ýylda Pekindäki Hytaý Nebit Uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilip, ol hytaý dilini bilelikde okatmagy we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Ýakynda uniwersitetiň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň wekiliýeti bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda hytaý tarapy hytaý dilini okatmakda usulyýet kömegini bermek, okuwda innowasion usullary ornaşdyrmak hem-de öňdebaryjy bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak boýunça tekliplerini hödürledi.

Saparyň çäginde wekiliýet uniwersitetiň nebit-gaz fakultetine bardy hem-de Dil kafedrasynyň işi bilen tanyşdy. Bu hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky bilim gatnaşyklaryny berkitmäge vardam edip, Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek strategiýasyna laýyk gelýär.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: