Gazagystan awtomobil önümçiliginiň arzanlygy boýunça Hytaýdan öňe geçýär
13.08.2025 | 12:43 |Oliver Wyman barlaglaryna görä, bir awtomobile düşýän pes işçi güýjüniň nyrhy boýunça Marokko ($106), Rumyniýa ($273) we Meksika ($305) öňdebaryjy boldy.
Köp ýyllaryň dowamynda elýeterli awtomobil önümçiliginiň nusgasy hasaplanan Hytaý $597 bilen sanawda bäşligiň soňunda ýerleşdi. "Astana Motors"-yň maglumatlary Gazagystanda bu görkezijiniň bary-ýogy $394,05 bolandygyny belleýär. Bu bolsa ýurdy Hytaýdan we Türkiýeden ($414), şeýle hem birnäçe Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan öňde goýýar.
"Astana Motors" senagat öňe gidişligini çaltlandyrýar
Nurlan Smagulowyň kompaniýasy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga 21,3 mlrd teňňe möçberinde maýa goýdy.
Hyundai Trans Kazakhstan we Hyundai Trans Almaty zawodlarynda robotlar gurnaldy, kebşirleýiş we reňkleme işleri awtomatlaşdyryldy, meýdanlar we cykaryş nomenklaturasy giňeldildi.
2024-nji ýylda 46 müňe golaý ýeňil awtomobiller we 800 birlik söwda tehnikasy öndürildi. 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 18,6 müňden ýokary Hundai awtomobilleri we 149 birlik söwda tehnikasy ýygnaldy.
2025-nji ýylyň III çärýdginde Almatyda Astana Motors Manufacturing Kazakhstan multibrend zawody işläp başlar. Kuwwatlygy ýylda 120 müň awtomobile (GWM, Chery, Changan) çenli bolup, önümiň 60 % eksporta ugradylmagy meýilleşdirilýär.
ORIENT