Iň täze habarlar

Moskwadaky «Dutaryň owazy» festiwaly ýerine ýetiriş bäsleşiginde sazandalara garaşýar

27.05.2023 | 23:57 |
 Moskwadaky «Dutaryň owazy» festiwaly ýerine ýetiriş bäsleşiginde sazandalara garaşýar

Taslamanyň awtory kompozitor Mamet Guseýnow bolan Moskwanyň Nury Halmamedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly şu güýzde 7-nji gezek - 28-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda geçiriler. Täze möwsüm beýik türkmen kompozitory Nury Halmamedowyň (1938-1983) 85 ýyllygyna bagyşlanýar.

VII festiwalyň çäginde konsertler, häzirki zaman türkmen suratkeşiniň sungat sergisi, film görkezilişi, Nury Halmamedowyň wokal ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bolar.

1-1.jpg

Etno-medeni däplere esaslanýan akademiki sazyň iň gowy ýerine ýetirilmegi üçin sazandalaryň bäsleşigi üçin arzalar hem kabul edilýär. Bäsleşik bir tapgyrda geçirilip, oňa dünýäniň dürli künjeklerinden sazandalar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň hünärleriniň arasynda: wokal sungaty, saz gurallary (kirişli, üflenip çalynýan, pianino, halk orkestr gurallary) bar. Nominasiýalar: solistler, duetler, üçlük, ansambllar – gurally, wokal we wokal-gural. Her hünärde öz emin agzalarynyň başlygy bolar we düzümine Russiýanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň saz sungatynda öňdebaryjy şahsyýetleri girer.

Resminamalar we wideo arzalar bäsleşigiň resmi web sahypasy tabşyrylmalydyr. Arzalar 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

2 (1).jpg

Adamlary bir ýere jemlemek, halk diplomatiýasyny ösdürmek, hoşniýetli goňşuçylygy we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, Russiýa we GDA ýurtlarynyň etno-medeni däplerini gorap saklamak – bu festiwalyň esasy maksady bolup durýar. Onuň çäginde geçirilýän saz bäsleşikleri, döredijilik sergileri gatnaşyjylaryň döredijilik mümkinçiliklerini açýar we milletara medeni gatnaşyklary berkitmäge kömek edýär.

3.jpg

«Dutaryň owazy» festiwalyna soňky ýyllarda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Germaniýadan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, BAE-den, Russiýadan, Sloweniýadan, ABŞ-dan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan, Ekwadordan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan 600-e golaý sazanda-ýerine ýetirijiler, şeýle hem horeografiýa we hor toparlary gatnaşdylar.

4.jpg

Festiwal her ýyl geçirilýän çäre hökmünde sazandalara ýerine ýetirmek, aragatnaşyk gurmak, hünär we dostlukly gatnaşyklary saklamak, häzirki zaman nusgawy saz pudagynyň trendinde bolmak, diňleýjilere bolsa lezzet almak, täze atlary öwrenmek we sungatyň ähli görnüşlerinde täze taraplaryny açmak üçin mümkinçilik döredýär.

5.jpg

Saz festiwaly, ýaş artistler üçin platforma bolup durýar. Şolaryň özüne çekijiligi, şeýle hem sungat direktory Mamet Guseýnowyň eneriýasy bolmasa, her gezek – jemgyýetiň göwnüniň, gulagynyň, gözleriniň we akyllarynyň baýramy ýaly şeýle ajaýyp waka bolmazdy.

6.jpg

ORIENT news

Foto: Mamet Guseýnow tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: