Iň täze habarlar

Türkmenistan sebitde howa gatnawyny giňeltmek boýunça gepleşiklere gatnaşýar

13.08.2025 | 10:40 |
 Türkmenistan sebitde howa gatnawyny giňeltmek boýunça gepleşiklere gatnaşýar

Astanada Merkezi Aziýa ýurtarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň Ikinji maslahaty geçýär. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň awiasiýa edaralarynyň, awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň wekilleri bar.

Esasy maslahatlaşmalar awia gatnawyny giňeltmäge, ýolagçy we ýük geçirmeleriniň hilini ýokarlandyrmaga, howa menzillerini döwrebaplaşdyrmaga we uçuşlaryň howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi. Hytaý tarapy bäş sany möhüm teklibi hödürledi. Oňa gümrük düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi, awia ýangyjynyň bahasynyň peseldilmegi we tehniki alyş-çalyşyň ösdürilmegi ýaly wezipeler bar.

Möhüm ulag ugurlarynyň çatrygynda strategiki ýerleşişe eýe bolan Türkmenistan üçin şeýle başlangyçlar goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga, awiasiýa infrastrukturasyny ösdürmäge hem-de halkara ugurlaryny giňeltmäge täze mümkinçilikleri açýar.

Çäre Ýewraziýanyň bitewi awiasiýa giňişligini döretmäge gönükdirildi. Türkmenistan bolsa şeýle ýagdaýda sebitiň möhüm üstaşyr we syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýetli orun tutýar.

ORIENT

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: