Lebap welaýatynda täze okuw ýylynda 24 müňden gowrak çaga birinji synpa gider
14.08.2025 | 11:25 |Täze 2025–2026-njy okuw ýylynda Lebap welaýatynda 1-nji synpa gitjek çagalaryň sany 24 830 ýetýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär. Mekdep bosagasyndan ilkinji gezek gadam basýan körpeler üçin hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlyk kompýuterler taýýarlanyldy.
Tamamlanan 2024–2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň gündogar sebitindäki umumybilim berýän orta mekdepleri 21 364 uçurym gutardy. Welaýat Baş bilim müdirliginiň garamagynda 384 umumybilim berýän orta mekdep, 3 mekdep-internaty hem-de Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy bar. Bu mekdeplerde we toplumlarda 337 093 okuwçy bilim-terbiýe aldy.
Welaýatda 284 mekdebe çenli çagalar edarasy hereket edip, olarda 54 957 çaga terbiýelenýär. Mundan başga-da, bu ýerde takmynan 40 töweregi ýöriteleşdirilen mekdep işläp, olarda aýratyn dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýär.
Täze okuw ýylyna taýýarlyk sebitde guramaçylykly geçirildi: ähli mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş we dikeldiş işleri tamamlandy. Bilim edaralary 2025–2026-njy okuw ýylynda okuwçylary garşylamaga doly taýýar.
ORIENT