Arkadag şäheri öz taryhyndaky ilkinji maýa goýum forumyny kabul eder
22.06.2023 | 16:04 |Arkadag şäherinde Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesi tarapyndan gurnalan “Arkadag-akylly şäher” ady bilen onuň taryhyndaky ilkinji maýa goýum forumy geçer.
Çäräni 30-njy iýunda Markaw myhmanhanasynda geçirmeklik meýilleşdirilen. Bu barada ORIENT –iň habarçysyna forumyň gurnaýjylary habar berdiler.
Çärä iki ýüzden gowrak hususy kompaniýalaryň, dünýäniň dürli ýurtlaryndan iri halkara guramalaryň we banklaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Forum Türkmenistandaky ilkinji döwlet ähmiýetli şäheriň maýa goýum mümkinçiligini görkezmek üçin mümkin boldugyça köp gyzyklanýan taraplary birleşdirmäge niýetlenendir. Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalary täze sanly çözgütlere maýa goýum mümkinçilikleri, şäher hojalygynyň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolar, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýşy üçin rahat şertleri üpjün etmegiň meselelerine serediler.
Halkara maýa goýum forumynyň meýdanlarynda şeýle hem ýurdumyzyň işewürleri tarapyndan öndürilen önümleriň sergisi gurnalar.
Forumyň çäklerinde daşary ýurtly kärdeşler bilen ikitaraplaýyn gepleşikler meýilleşdirilen, şeýle hem myhmanlaryň Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik desgalaryna saparlary meýilleşdirilendir.
ORIENT news