Arkadag şäheriniň häkimligi döwrebap seýsmologik stansiýanyň gurluşygy üçin tender yglan etdi
19.06.2023 | 17:19 |Arkadag şäheriniň häkimligi seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaba alynmagyny üpjün etjek seýsmiki stansiýanyň taslamasynyň düzülmegi, gurluşygy we enjamlaşdyrylmagy üçin tender-bäsdeşligini yglan etdi. Degişli tender şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Ozal teklipleriň bäsleşigini yglan etmek hakyndaky karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekipdi.
Aýratyn döwlet ähmiýetli şäheri gurmagyň çäklerinde döwlet baştutany resminamalara gol çekdi, olara laýyklykda döwlet edaralaryna kärhanalaryň gurluşygy we täze tehnikany satyn almak üçin halkara tenderleri geçirmeklik tabşyryldy.
ORIENT habarlar