Iň täze habarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri senagat önümleriniň eksportyny iki esse artdyrdylar

19.06.2023 | 15:51 |
 Lebap welaýatynyň telekeçileri senagat önümleriniň eksportyny iki esse artdyrdylar

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri senagat önümleriniň eksport edilişini geçen ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende iki esseden gowrak artdyrdylar. Gündogar welaýatyň işewür-senagatçylarynyň eksportynyň umumy möçberi $4,5 mln-a deň boldy – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.

Şunuň ýaly ösüş, ilkinji nobatda, sebitdäki telekeçileriň sanynyň artmagy, olaryň önümçiliginiň giňeldilmegi, şeýle hem täze eksport ediji kompaniýalaryň peýda bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, daşary ýurtda özüniň senagat önümlerini öňe sürýän kärhanalaryň sany geçen ýylda 8 bolanlygyndan 12 çenli artdy.

Eksport edilýän önümleriň esasy görnüşleri — izogam, suwuk bitum mastikasy, polietilen turbalar, polipropilen we polietilen haltalar, kendirden edilen watin, regenerirlenen süýüm, plastmassa asgyçlar we akkumulýatorlar.

Welaýatyň işewürleri öz önümlerini Russiýanyň, Türkiýäniň, Belarusyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň bazarlarynda ýerlediler.

ORIENT habarlar

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: