Iň täze habarlar

Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň alawyny 16-njy aprelde Olimpiýada ýakarlar

09.06.2023 | 10:02 |
 Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň alawyny 16-njy aprelde Olimpiýada ýakarlar

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy Gresiýanyň Olimpiýasynda indiki ýylyň 16-njy aprelinde — ýaryşlaryň Fransiýanyň paýtagtynda açylmagyna 101 gün galanda ýakylar. Bu barada olimpiýa habarlarynyň saýty Insidethegames habar berýär.

Ýakylandan soňra olimpiýa alawynyň Gresiýanyň çäklerinde bir hepdelik estafetasy geçiriler, ol Afinyda tamamlanar. Gresiýanyň paýtagtyndan olimpiýa alawy «Belem» gämisinde kabul edýän ýurda — Fransiýa ugrar.

8-nji maýda gämi Marseliň Köne portyna gelmeli, ol ýerde Olimpiýa oýunlary döwründe futbol we ýelkenli sport boýunça ýaryşlar geçiriler. Ol ýerden estafeta Fransiýanyň çäklerinde dowam eder.

Alaw Fransiýanyň 54 departamentinden geçmeli we bäş sany deňziň aňyrsyndaky çäklerde bolmaly.

Olimpiýa alawy indiki ýylyň 14-nji iýulynda — Oýunlar başlanmanka Pariže gelmeli. Iri halkara sport ýaryşlarynyň dabaraly açylyşy 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda bolar.

ORIENT habarlar

Foto: insidethegames.biz

Şeýle hem okaň: