Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň daş asyrynyň meşhur ýadygärlikleri boýunça ilkinji wirtual gezelenç çap edildi
02.06.2023 | 17:30 |«Müňýyllyklaryň ýodasy bilen: Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň daş asyrynyň ýadygärlikleri boýunça» taslamasynyň çäklerinde Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň daş asyrynyň meşhur ýadygärlikleri boýunça ilkinji wirtual gezelenç çap edildi. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Gezelenç Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň saýtynda çap edildi we Mongoliýadaky Sagaan-Agyýyň «ak gowagy» boýunça wirtual gezelenji hödürleýär. Sagaan-Aguý («ak gowak») 1972-nji ýylda mongol arheology Joržhandyn Jorž tarapyndan açyldy we mongol alymy bu ýerde 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Anatoliý Derewýanko we Damdinsurengiýn Sewendorž bilen bilelikde barlag işlerini geçirdi. Daş asyrynyň taryhy boýunça hünärmenler Sagaan-Aguýede adamyň 500 ýyldan 20 müň ýyl mundan ozal ýaşan yzlaryny öwrenýärler.
«Müňýyllyklaryň ýodasy bilen: Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň daş asyrynyň ýadygärlikleri boýunça» taslamasy Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýerine ýetirilýär. Ol giň köpçülige daş asyrynyň ajaýyp, ýöne barmasy kyn bolan ýadygärliklerinde wirtual ýagdaýda baryp görmek mümkinçiligini bermäge niýetlenendir.
Indiki onlaýn-gezelençler Özbegistandaky Teşik-Taş gowagyna, Russiýanyň Altaýyndaky Denisowa we Okladnikowa gowaklaryna, Gyrgyzystandaky Surungur gowagyna bagyşlanar. Şu ýadygärlikleriň her biri bu uly sebitiň iň gadymy taryhyny öwrenmekde alnyp barylýan möhüm tapgyr bilen baglanyşyklydyr.
ORIENT habarlar