Iň täze habarlar

Wengriýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

08.06.2023 | 17:20 |
 Wengriýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça resmi sapar bilen Türkmenistana geldi - diýip, wenger hökümetiniň resmi wekili Zoltan Kowaçyň Twitteri habar berýär.

Orban tarapyndan baştutanlyk edilýän wenger wekiliýetiniň düzümine daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto, medeniýet we innowasiýalar ministri Ýanoş Çak, energetika ministri Çaba Lantoş we ykdysady ösüş ministri Marton Nad girdiler.

Şu gün agşam Orban Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer. Ertir, 9-njy iýunda ol ýokary derejedäki türkmen-wenger gepleşikleriniň plenar mejlisine gatnaşar, onuň netijeleri boýunça iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara we ylalaşyklara gol çekiler.

ORIENT habarlar

Foto: ria.ru

Şeýle hem okaň: