Iň täze habarlar

Aşgabady we Awazany täze awtobus ugry birikdirer

06.06.2023 | 16:22 |
 Aşgabady we Awazany täze awtobus ugry birikdirer

11-nji iýundan başlap Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyna badalga berer – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär.

Awtobuslar her gün Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden «Awaza» MSZ-na ugrar.

Paýtagtymyzyň Halkara awtomenzilden (Nyýazow şaýoly, 422) ulag irden sagat 06:00 ugrar.

Awaza syýahatçylyk zolagyndan yzyna Aşgabada awtobus sagat 13:00-da Ýelkenli köçesinde ýerleşýän awtoulag duralgasyndan ugrar.

ORIENT habarlar

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: