Paýtagtymyzda geçirilen festiwal iň gowy mahabat önümini kesgitledi
31.05.2023 | 18:58 |Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde "Mahabat -üstünligiň açary" atly festiwal geçirildi. Çäräni Bilim ministrligi, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilelikde gurady.
Festiwal mekdep okuwçylaryna, talyplara, ýaş telekeçilere we hünärmenlere döredijilikli pikirlerini durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik döretdi, şeýle hem Türkmenistanyň mahabat işinde iň oňat başlangyçlary kesgitledi.
Günüň birinji ýarymynda tejribeli marketologlar, dizaýnerler we KHBS-niň wekilleri çykyş edip, öz bilimleri, maslahatlary we taslamalaryny durmuşa geçirmekde toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar. Çärä gatnaşanlar üçin çykyş edenlere mahabat we oňa degişli işler boýunça gyzyklanýan soraglaryny bermäge mümkinçilik döredildi.
Tehnologiýalar merkeziniň foýesinde ýörite gurnalan monitorlarda bäsleşige gatnaşyjylaryň mahabat wideo ýazgylary görkezildi.
Bäsleşigiň esasy şerti jemgyýet üçin gyzykly we ähmiýetli boljak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we Türkmenistanyň IT pudagyndaky bilermenleriň ünsüni özüne çekjek özboluşly marketing önüminiň döredilmegi boldy.
Bäsleşigi guraýjylaryň ORIENT-iň habarçysyna gürrüň bermegine görä, deslapky tapgyra ýüz tutanlaryň umumy sanyndan, takmynan 150 gatnaşyjy saýlandy, olaryň 36-sy ýaryşyň jemleýji tapgyryna geçdi.
Festiwalyň çäklerinde ýeňijiler aşakdaky nominasiýalar boýunça kesgitlendi:
— telewideniýe mahabaty;
— radio mahabaty;
— çap etme mahabaty;
— alternatiw mahabat;
— internet mahabaty;
— mahabat foto suraty.
Her nominasiýada ýeňijiler iki kategoriýa boýunça kesgitlendi - köpçülikleýin mahabat we harytlary we hyzmatlary öndürmek boýunça mahabat.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Yhlas Kerimow, Muhammet Begenjow, Nurahmet Kakageldiýew, Arslan Oraztaganow dagylar Gran-pri baýragyna we degişli derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Artur Petrosýants