Aşgabat Tährana iki ýurduň ministrlikleriniň wekiliýetleriniň saparlaryny yzygiderli gurap durmagy teklip etdi
31.05.2023 | 10:36 |Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi bilen duşuşygynyň dowamynda iki ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn saparlaryny yzygiderli esasda guramagy teklip etdi.
Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideriniň Eýran Yslam Respublikasynyň baştutany bilen 30-njy maýda geçiren gepleşikleriniň jemleri boýunça belli boldy – diýip, TDH habar berýär.
Saparlaryň esasy maksady — Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk mehanizmlerini tizleşdirilen usulda işläp taýýarlamak bolmalydyr. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşikleriň barşynda halkara arenasynda has utgaşdyrylan hyzmatdaşlyk etmek baradaky pikirini aýtdy.
Türkmenistanyň wekilçilikli düzümdäki wekiliýeti Eýrana amala aşyrylan saparyň dowamynda täze ylalaşyklary baglaşdy, munuň maksady bolsa iki goňşy ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze depgin bilen ösdürmekdir.
ORIENT habarlar