Iň täze habarlar

Iýun aýynyň ugry: Çagalar gününden başlap, Gurban baýramyna çenli - tomusyň ilkinji aýynda belleýän baýramçylyklarymyz

27.05.2023 | 01:49 |
 Iýun aýynyň ugry: Çagalar gününden başlap, Gurban baýramyna çenli - tomusyň ilkinji aýynda belleýän baýramçylyklarymyz

Türkmenistanda tomsuň ilkinji aýynyň iň aýdyň wakalarynyň biri 13-16-njy iýunda Hazaryň kenarynda geçiriljek Awaza-2023 halkara tans we halk döredijiligi festiwaly bolar. Eýranyň, Belarusiýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň döredijilik toparlary oňa gatnaşygyny tassykladylar.

Festiwalyň maksatnamasynda konsert çykyşlaryndan, ýaryşlardan, ussatlyk sapaklaryndan, sergilerden başga-da, halk döredijiligini we halk tans däplerini öwrenmäge bagyşlanan ylmy konferensiýa hem bolar.

Medeniýet boýunça wise-premýer Mährijemal Mämmedowa anna güni geçirilen türkmen hökümetiniň mejlisinde geljek aý üçin medeni çäreleriň meýilnamasyny hödürläninde bu barada hasabta berdi.

Iýun maksatnamasy, Halkara çagalar günine bagyşlanan baýramçylyk dabaralary we gezelençler bilen başlaýar. 2-nji iýunda Gökdere çagalar sagaldyş merkezinde tomus dynç alyş möwsümi başlaýar we däp bolşy ýaly şadyýan çykyşlar bilen utgaşdyrylyp mekdep okuwçyly awtobus «kerwenleriniň» lagerlere ugramagy bolýar.

3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni bolup, oňa bagyşlanyp her ýyl ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped sürmek, bedenterbiýe, sport we saglyk çäreleri geçirilýär.

5-nji iýunda Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni Türkmenistandaky baýramçylyklaryň sanawyna-da goşulýar. Oňa akademiki jemgyýetiň, ýaşlaryň, daşky gurşaw guramalarynyň we ş.m. gatnaşmagynda geçirilen ylmy konferensiýalar, sergiler we beýleki çäreler bagyşlanýar.

Indiki sene – 12-nji iýun. Türkmenistanda bu Ylym güni bolup, onda ylmy ýaryşlaryň netijeleri jemlenýär, üstünlikli synaglar we batyrgaý geljegi uly pikirler üçin ýaş gözlegçiler, rasionalizatorlar we täzelikçiler dabaraly gutlanýar, pudak simpoziumlary we beýleki ylmy we mahabat çäreleri geçirilýär.

Ýene bir baýramçylyk – Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni 27-nji iýunda bellenilýär. Bu bir günüň bir hepdä öwrülýän ýagdaýy. Her ýyl bu güne medeniýet hepdeligi bagyşlanyp, geçiriljek ýeri ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça gezekli aýlanýar. Bu ýyl hepdelik Aşgabatda geçiriler, şonuň üçin 22-nji iýundan başlap paýtagtymyzda birnäçe döredijilik we dürli çäreler geçiriler.

Aýyň ahyrynda, üç gün – 28, 29 we 30-njy iýunda hemişeki ýaly Gurban Baýramyny giň we sahy gutlamaklyk garaşýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: