Iň täze habarlar

Türkmenistanyň gümrükçileri töwekgelçilikleri dolandyrmak tejribesini kämilleşdirýärler

29.05.2023 | 14:24 |
 Türkmenistanyň gümrükçileri töwekgelçilikleri dolandyrmak tejribesini kämilleşdirýärler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň 20 işgäri Hytaýyň Gümrük hyzmatdaşlygy gaznasynyň (CCF China) goldaw bermeginde Bütindünýä Gümrük guramasy (BGG) tarapyndan guralan töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça seminara gatnaşdylar.

Bäş günlük okuwy Hindistanyň gümrük gullugynyň wekili Akhileş Pandeý we Ýaponiýanyň gümrük edarasynyň işgäri Ýuko Mamiýa alyp bardylar, ol şeýle hem BGG-nyň töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça deslapky akkreditirlenen bilermenidir.

Gümrük edaralarynda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny ýerine ýetirmek işine goşulýan dürli bölümçeleriň işgärleri Bütindünýä gümrük guramasynyň töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça Kopendiumy bilen, bu guramanyň töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we profilleri işläp düzmek babatyndaky iň täze materiallary we gurallary bilen tanyşdylar.

Kompendium umumy maglumathana resminamasydyr, onda gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmak bilen baglanyşykly düşünjelere seredilýär. Ol töwekgelçilikleri dolandyrmaga hemmetaraplaýyn çemeleşmäni işläp düzmäge we girizmäge kömek etmäge niýetlenendir.

Okuwuň töwekgelçilikleri dolandyrmagyň häzir bar bolan prosesslerini pugtalandyrmak üçin, şeýle hem töwekgelçilikleri bahalandyrmak boýunça geljekdäki amallar üçin täze çemeleşmeleri kabul etmek boýunça ajaýyp mümkinçilik döredendigi bellenildi.

ORIENT habarlar

Foto: customs.gov.tm

Şeýle hem okaň: