Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň baştutany: döredijilik ýoly we türkmen şekillendiriş sungaty hakynda

22.05.2023 | 17:29 |
 Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň baştutany: döredijilik ýoly we türkmen şekillendiriş sungaty hakynda

ORIENT Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow bilen onuň Stambula saparyndan soňra söhbetdeş boldy, ol ýerde türkmen suratkeşleri «Respublikanyň 100 ýyllygyna 100 surat» taslamasynyň çäklerinde Türkiýäniň we Türkmenistanyň gözelligini beýan etdiler.

Siz golaýda Türkiýede bolduňyz. Öz iş saparyňyz we onuň maksatlary hakynda gürrüň beräýseňiz.

— Esasy maksat «Respublikanyň 100 ýyllygyna 100 surat» çäresine gatnaşmakdy. Başlangyjyň çäklerinde dünýäniň türki dilli ýurtlarynyň hersinden Türkiýä 10 suratkeş gelipdir. 10 günüň dowamynda biz dürli ýokary okuw mekdeplerine, bu köne şäheriň ajaýyp ýerlerine baryp gördük, duşuşyklara, leksiýalara gatnaşdyk. Iň soňunda biz özümizde galan täsirleri we öz ýurdumyzyň kaloritini surata geçirmelidik. Bu işleriň ýygyndysyny türk köpçüligine görkezmelidiler.

Taslama 9 nakgaşçy — Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary gatnaşdylar, şol sanda men hem gatnaşdym. Biziň düzümimiziň uly bölegi — ýaş suratkeşlerdi, beýleki bölegi bolsa — eýýäm döredijilik taýdan ýetişen işine ussatlardy.

Biziň oglanlarymyzda örän gowy täsirler galdy, bizi gowy garşy aldylar. Biz «Ýedidepe» uniwersitetinde bolduk, çeperçilik sungaty fakultetiniň işi bilen, hususan-da — döwrebap dizaýn we döredijilik ugry bilen tanyşdyk.

Глава Союза художников Туркменистана: о творческих турне и туркменском изобразительном искусстве

10 gün ýeterlik boldy. Biz gijeleri bilen işledik, ýöne şonda-da gezelenç edip we birnäçe saparlary amala aşyryp ýetişdik. Biz türkmen şekillendiriş sungatynyň ýokary ösüş derejesindedigini görkezmek isledik.

Döredijiniň bir suraty çekmegi üçin näçe wagt gerek boldy?

— Bir gijäniň dowamynda uly simfoniýany ýazmak mümkin, käwagt bolsa bir ýylyň dowamynda hem bir şekili işläp bolanok. Döredijilik — bu şeýle zat.

Ozallar ýönekeý çekerdiler, gödek aýdylanda görýän zadymyzy çekýärdik. Näçe anyk etsek, şonça-da gowy bolýardy. Degişlilikde hem baha berilýärdi” «Owadanmy ýa dälmi», soňra XX asyr geldi, täze ugurlar geldi we olardan soňra şeýle baha berip başladylar: «Bu sungatmy ýa dälmi?». Täze ýüz ýyllyk geldi, onda Türkmenistan eýýäm garaşsyz döwlet, onuň sungaty bolsa haýsy ugurda ösýär?

— Eger-de deňeşdirsek, elbetde, biziň döredijiligimiziň köp ýyllaryň dowamynda örän güýçli ösendigi ýüze çykýar. Bizde abstraksionistler, sýurrealistler, grafikaçylar... bar. Meselem, biziň watandaşymyz Döwletgeldi Akyýew öz işleri bilen eýýäm tutuş Ýewraziýa bellidir. Beýleki zehinler hakynda hem şeýle diýip bolar.

Biz hatda bütindünýä pandemiýasy döwründe hem oturmadyk we bütin dünýä boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyk. Biziň «Ikiler» suratymyza Hytaýdaky sergä baryp görenler ýokary baha berdiler, biziň gündelik durmuşa gönükdirilmedik «ýokary» medeniýeti etmegimize garamazdan, sebäbi ösüşiň derejesini kolleksionerler däl-de, intellektuallar kesgitleýärler. Halkyň aňy bolsa hut şol döredijilik habaryny berýär. Türkmen sungaty onuň ähli akymlaryny öz içine alýar.

Gurbannazar Ezizowyň belleýşi ýaly: «Sungat bilen meşgullanmak — öz-özüňi ýiteltmekdir».

Stambulda siz özüňiziň ähli duýgularyňyzy berip bildiňizmi?

— Ähli duýgulary beýan etmek mümkin däl, ýöne täsirleri geçirdik.

Edil türkmen kaloriti ýalymy…

— Hawa.

Biziň oglanlarymyzyň işine nähili baha berdiler?

— Hemmelere juda ýarady. Türkmenistan Türkiýe bilen deňeşdireniňde uly däl. Olaryň ählisi beýik suratkeş köp millionly megapolisde dogulýar diýip pikir edýärler. Ýöne tejribe tersine görkezdi: biziň uly bolmadyk ýurdumyzdan bolan suratkeşleriň suratlaryny görüp, hemmeler täsirlendiler.

Глава Союза художников Туркменистана: о творческих турне и туркменском изобразительном искусстве

Suratkeşler birleşiginiň işine hem ýokary baha berildi. Bäsleşik tapgyrlaýyn geçdi: her ýurduň wekilleri aýry-aýry günlerde öz işlerini görkezdiler. Guramaçylaryň habar bermegine görä, biziň suratlarymyzy görmäge gaty köp adam gelipdir, beýleki 10 döwletiň suratkeşleriniň suratlary görkezilende hiç bir günem şeýle köp adam ýygnanmandyr.

Siz nähili çeperçilik habaryny bermek islediňiz?

— Biziň wezipämiz türk halkyna Türkiýäniň şekilini biziň gözümiz, türkmenleriň gözi bilen görkezmekdi.

Taslamanyň çäklerinde haýsydyr bir täze ylalaşyklar boldumy?

— Hawa. Biz TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Daşkentde bolanymyzda käbir zatlar ylalaşylypdy. Meselem, gurama türki dilli dünýäniň zenan-suratkeşleriniň gatnaşmagynda çäre geçirmekligi meýilleşdirýär, oňa şeýle hem biziň ýurdumyz hem gatnaşyp biler: biz eýýäm çakylyk aldyk. Başga-da Gyrgyzystanyň Yssyk kölünde iýul aýynda suratkeş-nakgaşlaryň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Belläp geçmek möhüm, ýaş suratkeşlerimiz Daşkentde geçen halkara sergisinde üstünlikli çykyş etdiler we Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň altyn medalyna mynasyp boldular.

Глава Союза художников Туркменистана: о творческих турне и туркменском изобразительном искусстве

Türkiýäniň biziň suratkeşlerimiziň munuň üçin öňünden saýlanan türk uniwersitetlerinde ussat-sapaklaryny geçirmek meselesine düýpli çemeleşmeklerine birnäçe gezek gyzyklanma bildirendiklerini belläp geçmelidiris. Bu boýunça gürrüň hem bolupdy. Ussatlyk-sapaklarynyň güýzde, okuw wagtynda geçirmeklerini isleýärler.

Suratkeşler birleşigi beýleki halkara medeni taslamalarynyň çäklerinde çakylyk aldymy?

— Oktýabr aýynda Belarusda mejlisiň geçirilmegi we tejribe alyşmak meýilleşdirilýär. Belorus tarapy bizi hem çagyrdy. Hytaýy aýratyn belläsim gelýär, diňe onuň biziň ynamly hyzmatdaşymyzdygy üçin däl. Olar bilen işlemek amatly, mysal üçin — ähli zady internet arkaly, onlaýn edip bolýar. Guramaçylar ýokary hilli surat soraýarlar ýa-da suraty poçta arkaly ugratmagy soraýarlar. Olar alýarlar, görkezýärler we satýarlar. Hytaýlylar biziň suratlarymyzy halaýarlar, bu türkmen suratkeşleri üçin iň isleg bildirilýän daşary ýurt bazarydyr.

Hatda Türkmenistanyň çäginde hem biziň sergilerimiz geçirilýän mahaly esasy daşary ýurt myhmanlary bolup hytaý syýahatçylary galýarlar. Suratkeşler birleşigi suratyň satuwyny höweslendirýär, biziň öz gaznamyz bar. Ýaş zehinlere aýratyn üns berilýär.

Haçanda «häzirki zaman sungaty» diýlende, kelläňe adaty bolmadyk ekspressiýa, reňkleriň pürkülmegi, düýbünden geň usullaryň ulanylmagy gelýär. Türkmen sungatynda muňa ýer barmy?

— Endi Uorhol diýen suratkeş bar. Ol içi pomidor çorbaly konserwa bankasyny şekillendirdi we bu oňa bütindünýä şöhradyny getirdi.

SSSR dargandan soňra medeniýete we sungata bolan garaýyş güýçli üýtgedi, sebäbi durmuşyň täze ýoluna geçildi. Degişlilikde, suratkeşiň keşbi hem güýçli üýtgedi.

Diýeli, dörediji Türkmenistanda — bu sagdyn, ýaş, iň esasysy hem — bäsleşige uýgunlaşan zehin. Arkadag Gahrymanymyz sebäpli häzirki ýaşlarymyz sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýar, sport bilen kadaly meşgullanýar. Ýönekeý dilde aýdanymyzda, biziň ýaşlarymyz ahlak-psihologiki taýdan hem, beden taýdan hem sagdyndyr.

Häzirki «pürkmeler», «kubikler» we şuňa meňzeşler — bu hem häzirki zaman sungatydyr, muny kabul etmeli. Biziň döwrümiziň adamyna bu gyzykly, we biziň asyrymyzyň döredijiligi bu islegleri kanagatlandyrýar. Biz interneti, döwrebap tehnologiýalary, dürli iýmitleri we syýahaty... gördük we bize nämede bolsa bir zadyň ýetmeýändigine düşündik. Bize häzirki zaman suratkeşiniň berýänine seredip, biz öz durmuşymyzda hut şonuň kemdigine düşündik.

Häzirki zaman türkmene hem bu surat gerek — siz nähili pikir edýärsiňiz?

— Gerek ekeni. Meselem, biziň häzirki zaman raýatymyz kottežini haý-tek äheňinde dizaýn etdirmek isleýär ýa-da Kandinskiniň suratlaryny isleýär. Bu isleg soňky döwürde möhüm boldy. Türkmenistan sungatyň döwrebap hakykylyklaryna tiz uýgunlaşýar, biziň halkymyz bu zatlary öz durmuşyna işjeň girizýär.

— *Eger-de gurluşyk dizaýnyna degip geçsek. Biziň ýurdumyzda gurluşyk bumy — Arkadag şäheri, Aşgabat-siti we ş.m. TSB bu uly taslamalarda yz goýmaklygy meýilleşdirýärmi?

— Biziň 50-den gowrak agzamyz bar. Elbetde, biziň oglanlarymyz şäher gurşawyny gözelleşdirmäge gyzyklanýarlar. Munuň üçin, meselem, Arkadag şäherinde biziň suratkeş-monumentalistlerimiz (heýkeltaraşlarymyz), dizaýnerlerimiz taryhy şahsyýetlere ýadygärlik oturdylan mini-seýilgäh döretdiler. Biziň hünärmenlerimiz ýerasty geçelge üçin 60х3 metrlik (jemi meýdany 360 inedördül metr) mozaikanyň üstünde, heýkel kompozisiýalarynyň üstünde işleýärler.

Biziň suratkeşlerimiz Döwlet sirkiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Arkadag şäheriniň taryh-ülkäni öwreniş muzeýiniň içini bezemek üçin suratlary döretmegiň üstünde işleýärler.

Häzir biz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň şäherleriniň toruna girizilmeginiň üstünde zähmet çekýäris. Şunuň bilen baglylykda, Suratkeşler birleşigi seýilgäh medeniýetini kämilleşdirmegi teklip etdi. Bizde taryhy we edebiýat ýörileşmesi bilen baglanyşykly gyzykly pikirlerimiz bar, aýratyn hem biziň pikirlerimiz Aşgabat-sitide isleg bildirilip bilner. Häzir biz gitara, saksafon, heýkel elementleri şekilinde seýilgäh oturgyçlaryň dizaýnyny işläp taýýarladyk. Biz şunuň ýaly taslamalary ýaş suratkeşler bilen işläp düzýäris we netijeler basym peýda bolar.

Arslan MÄMMEDOW

Foto: Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: