Iň täze habarlar

Goşa ýubileý: «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň gala konserti

19.05.2023 | 16:07 |
 Goşa ýubileý: «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň gala konserti

«Jübüt» doglan gün ýa-da goşa ýubileý – ynha, «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň Aşgabatda, Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçirilen uly gala konsertini şeýdip atlandyryp bolýar. Ansamblyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark 85 ýaşady we bu meşhur sazçylyk toparynyň döredilmegine 45 ýyl boldy.

Konsert diňe bir paýtagtyň medeni durmuşynda ajaýyp waka bolman, eýsem köne dostlaryň - kärdeşler we saz söýüjileriň, täsin «Mukam» ansamblynyň muşdaklary we onuň uçurymlarynyň, eýýäm ulalan we kämilleşen sazandalaryň duşuşýan ýerine öwrüldi.

Myhmanlar gaty köpdi, ýubileýi gutlamaga gelenleriň hemmesini ýerleşdirip bilmejek ýalydy. Hat-da geçelgelerde hem ýeterlik ýeriň ýoklugy möhüm däldi.

Konsert Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, öňe, diňe öňe jan Watamyn Türkmenistanym!» aýdymy bilen açyldy. Maksatnamada türkmen kompozitorlary Nury Muhadowyň, Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň eserleri bardy. Olaryň eserleri elmydama «Mukam» ansamblynyň çykyşlarynda ýaňlanýar.

2.jpg

Şeýle hem daşary ýurtly kompozitorlaryň – Pol Marianyň, Jon Uilliamsyň baky hitleri, Ýewgeniý Doginiň özüne çekiji walsy, Winçenso Kýaryň sazy, şeýle hem Moris Raweliň, Aram Haçaturýanyň, Tihon Hrennikowyň we Aleksandr Glazunowyň eserleri ýaňlandy. Ondan başga-da sazandalaryň nesilleriniň arasynda dowamlylygyň we baglanyşygyň nyşanyna öwrülen ansamblyň öňki uçurymlary bilen bilelikde çykyşy hem boldy.

Ansamblyň ýolbaşçysy gutlag çykyşynda sazanda bolmak, pikirleriňi we duýgularyňy owadan mukamlar arkaly beýan etmek, Watan hakda aýdym aýtmak mümkinçiligine eýe bolmagyň özüniň bagtdygyny aýtdy. Şeýle hem ol, kömekçileri – konsertmeýster Maýa Maksudowa we mugallym Gözel Seýitniýazowa tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Garold Isaakowiç olara iň jogapkärli we möhüm wezipeleri tabşyrýar, köp meseläniň çözgüdi olaryň egnine düşýär. Belki şondan Garold Isakakowiçiň iki «sag eli» bar diýen degişme ýüze çykan bolsa gerek.

Garold Isaakowiç biziň ýurdumyzda skripkaçylaryň birden köp neslini ösdürip ýetişdirdi. Ansamblyň uçurymlarynyň köpüsi häzirki wagtda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde zähmet çekýärler, käbirleri bolsa öz skripkaçylar ansambllaryny guradylar. Şeýlelik bilen ussanyň işi, Garold Isakowiçiň işi nesilden-nesle, halypadan şägitlere geçip gelýär.

Meşhur «Mukam» skripkaçylar ansambly köp sanly ýaryşlaryň we festiwallaryň ýeňijisi. Onuň döredijiligi ýurdumyzyň daşynda hem giňden tanalýar. Ansamblyň düzümine girmek islendik ýaş skripkaçy üçin şowlulykdyr. Ýurdumyzyň kompozitorlary üçin bolsa ansamblyň sanawyna girmek gaty mertebedir.

Skripkaçylar ansambly üçin iň halanýan kompozitorlaryň arasynda Nury Halmämmedow, Çary Nurymow, Jeren Gurbangylyjowa we Aýna Şirowa bar. Ýeri gelende aýtsak, kompozitor Aýna Şirowa esasanam ansambl üçin täze eserleri, halk sazlarynyň gaýtadan işlemelerini we ençeme gezek konsertlerde ýaňlanan öwürmeleri döretdi.

3.jpg

Garold Isaakowiçiň hut özi ansambl üçin saz döretmekleri üçin haýyş bilen kompozitorlara ýüz tutýar we şeýle döredijilik birleşiginiň netijesinde täze gyzykly kompozisiýalar çykýar. Ansamblyň repertuary şeýle bir uly we dürli-dürli bolup, ýaş skripkaçylaryň ýerine ýetirmedik eserlerini sanamak has aňsatdyr. Saz ugurlary barada aýdylanda bolsa, «Mukam» barokkodan jaza we rok kompozisiýalaryna çenli dürli döwürleriň sazlaryny ýerine ýetirýän köptaraply topardyr.

Ýubileý agşamy täsin we dostlukly ýagdaýda geçdi. Öňümizde täze ýubileýler we täze döredijilik üstünlikleri. Ansamblyň we onuň ýolbaşçysynyň entek durmuşa geçirilmegine garaşýan köp pikirleri we taslamalary bar.

Öz ýaşyna garamazdan, ansambl, aslynda onuň ýerini tutup bolmajak ýolbaşçysy ýaly, elmydama ýaşlygyna galmagyny dowam etdirýär we öz muşdaklaryny begendirip, töweregine şatlyk, ýaş garagollugyny we optimizmi «görkezýär».

Larisa Orazmamedowa

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: