Iň täze habarlar

Wiolonçelli maý agşamy: "Sazyň maksady - ýüreklere ýetmek"

18.05.2023 | 01:28 |
 Wiolonçelli maý agşamy: "Sazyň maksady - ýüreklere ýetmek"

Maý agşamlarynyň birinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda wiolonçel saz guraly konsertiň esasyny düzdi. Ýekelikde ýerine ýetirilýän maksatnama bilen halypa mugallym Kakageldi Hojalekowyň şägirdi - halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi Aýlar Annamyradowa çykyş etdi.

Resital (solistiň orkestr bilen çykyşy) ussat sazandalar üçin hem bir-iki aýdan gowrak wagt taýynlyk görülýän adatdan daşary waka. Aýlar hem esasy ideýasy aýdym-saza wepaly we çyn ýürekden hyzmat etmek bolan konserte örän jogapkärçilikli we tutanýerli çemeleşdi.

Konsert maksatnamasynda ýerine ýetirilen ilkinji saz kompozitor Iogann Sebastian Bahyň wiolonçel üçin döreden eseri boldy. Bahyň sazynyň esasy aýratynlyklaryndan biri, onuň çuňňur adamkärçiligi, kompozitoryň adamlara bolan söýgüsi, Aýlar bu duýgulary öz çykyşy arkaly diňleýjilere geçirmegi başardy.

Ynha, başga bir ajaýyp eser - Nury Halmämmedowyň konsertmeýster Jennet Hudaýkulyýewa bilen bilelikde wiolonçel we fortepýano üçin döreden "Poemasy". 20-nji asyryň görnükli kompozitorlaryndan biri, ol sazyň belent maksatlar üçindigine berk ynanýan sada, ýöne mertebeli adam.

Onuň kalby rahatlygy bilmeýärdi, joşgun-hyjuwy hemişe püre-pür bolup, anyk saz şekillerinde töwerege seçilýärdi. Nury Halmämmedowyň täsirliligi taýdan çuňňur, mazmun taýdan milli we kuwwatlylygy taýdan halkara bolan sazy hemmeler üçin düşnükli we halkyň söýgüsini gazanan eserlerdir. Ol ýürekden çykýar, şonuň üçin hem diňleýji tarapyndan ýürekden kabul edilýär. Bu arassa saz çeşmesi - kompozitoryň hemmämize, onuň nesillerine goýup giden ruhy sowgady.

1.jpg

Saz agşamy 1894-95-nji ýyllarda çehiýaly nusgawy kompozitor Antonin Dworžak tarapyndan öz watanyndan uzakda, ABŞ-da döredilen si minor (Op. 104) 2-nji konsert bilen dowam etdi.

Ynha, indi ýüz ýyldan gowrak wagt bäri Dworžagyň konserti wiolonçel üçin döredilen iň beýik saz eserleriniň biriniň meşhurlygyny ýitirmän gelýär. Kompozitor bu eser hakda 1895-nji ýylda dostuna şeýle ýazýar: “Bu konsert ajaýyplygy bilen meniň skripka we fortepýano konsertlerimden has öňe geçýär. Bu hakda özümiň aýdýanlygyma geň galmaň - öz öwgiňe bil baglamak mümkin däl - ýöne Size bu eseriň maňa uly şatlyk berýändigini aýdyp bilerin we onuň ýokary baha mynasyp boljakdynda ýalňyşýandyryn öýdemok.»

Konsertiň üç bölümini ýerine ýetiren Aýlar simfoniki dem alşynyň giňligi bilen dişleýjileri haýrana goýdy.

Iogan Sebastian Bahyň: “Sazyň maksady ýüreklere ýetmekdir” diýşi ýaly, Aýlar öz sazy bilen diňleýjileri bendi etdi, Dworžagyň inçe lirikasynyň ajaýyp keşbini açyp görkezmegi başardy.

Aýlar indi birnäçe ýyl bäri okuwyny Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestrinde tejribe bilen utgaşykly alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýerine ýetiriş ussatlygynyň iň gowy däp-dessurlaryny dowam etdirýän türkmen wiolonçelçisi halkara sahnasynda ýurdumyzyň abraýyny berkitmäge goşant goşup, öz başarnygyny ýokarlandyrýar.

Гульджемал ДУРДЫЕВА

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: