Ah, sergi we ussatlyk dersi! «Türkmen kompozitorlary hepdeliginiň» ýazgysy
20.04.2023 | 14:55 |«Türkmen kompozitorlary hepdeliginiň» ikinji güni uly üstünlik bilen geçdi. Ol türkmen suratkeşleriniň köp sanly suratlary bilen başlandy. Saz mowzuklaryna bagyşlanan surat eserleri konserwatoriýanyň zallaryny doldurdy. Dürli: grafika, surat, gobelen we ş.m. usullardaky eserler görkezildi.
D.Filçenkonyň mahmaldaky suratlary tomaşaçylarda uly seslenme döretdi. Serginiň myhmanlary şeýle pannolaryň aýratynlygynyň rahatlyk we çuňluk duýgusynda bolandygyna göz ýetirip, suratlary dürli tarapdan gözden geçirmäge synanyşdylar.
Suratkeşler A.Koşiliýewa, B.Çaryýew, B.Nuryýewiň açyk we şadyýan reňkleri myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. G. Rozykulowanyň, S. Meredowyň, A.Amanklyçewanyň eserleri saz keýpine we dynç alyş howasyna laýyk gelýän ýalydy.
Ajaýyp eserleriň awtorlary hem sergä gatnaşdylar. Olar hoşallyk bilen öz işleri barada myhmanlara gürrüň berdiler. Sergi bilen bir hatarda, Kazan konserwatoriýasynyň kompozitory we mugallymy Merdan Bäşimow tarapyndan onlaýn ussatlyk sapagy geçirildi. Sazçylyk jemgyýetinde Merdan bu ugurdan ökde we hünärmen hasaplanýar.
Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň agzasy Täjigül Gurbanowa çykyş etdi. Ol kärdeşleri bilen tanyşdyrdy we ähli sungatyň gatnaşygy barada möhüm sözler aýtdy. Mysal hökmünde, aýdym diňläninde surat döredýän bir suratkeş hakda gürrüň berdi. Saz sesleri diňe bir gündelik işlerden gaçmaga we döredijilige çümmäge mümkinçilik bermän, eýsem döredijilik işiniň ritmini hem döredýär. Elbetde, emosional düzüki hem bolup durýar. Galyberse-de, saz sebäpli dörän ähli duýgulary, suratkeş suratlarda görkezip biler.
Ine, muňa ýene bir başga gyzykly mysal: Soňky döwürde meşhur bolan Ahmet Hallyýew, hakykatdanam ajaýyp suratçy, şeýle hem inçe suratkeş, batal sahnalaryny çekende, rok kompozisiýalaryny we umuman batyrgaý, söweşiji häsiýetli sazlary diňleýär.
Şekillendiriş sungaty dünýäsine biraz çümenden soň, sazyň nobaty geldi. Merdan Bäşimowyň ussatlyk dersi saz tehnologiýalaryna bagyşlandy. Olar hemme ýerde we häzirki wagtda olarsyz hiç ýere baryp bolmaýar. Ony diňlemek üçin diňe sazandalar däl, eýsem beýleki ugurlaryň we pudaklaryň wekilleri hem ýygnandylar.
Merdan çylşyrymly zatlar hakda ýönekeý we düşnükli görnüşde gürrüň bermegi başardy. Şeýlelik bilen, diňleýjiler analog we sanly signalyň arasyndaky tapawudy öwrendiler, ýa-da, mysal üçin, 8 bitli, 24 bitli ýa-da 48 bitli ses ýazgylarynyň arasyndaky tapawudyň nämedigini bildiler. Bu leksiýa talyp-kompozitorlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Olar ussatlyk dersi başlamazdan has öň, möhüm zady sypdyrmazlyk üçin öň hatarlarda ýer aldylar. Häzirki wagtda saz tehnologiýalary dünýäsi şeýle bir ösdi welin, bu hakda maglumatlary bir ussatlyk dersiniň çägine ýerleşdirmek mümkin däl. Emma ýene-de beýle dersler bolar.
«Türkmen kompozitorlary hepdeliginiň» ikinji güni başlanyşy ýaly ajaýyp tamamlandy. Emma öňde köp gyzykly wakalar bolup, ORIENT sizi olar bilen tanyşdyrar.
ORIENT news