Orazada agyz beklenýän döwürde ukyny nädip gowulandyrmaly: lukmanyň maslahatlary
07.04.2023 | 14:58 |Bütin musulman äleminde agyz beklemegi göz öňünde tutýan mukaddes Oraza aýy dowam edýär. Agyz bekleýänler bu aýda ukynyň hiline täsir etmezlik üçin dogry ädimleri ätmelidirler.
Katardaky Hamad Lukmançylyk korporasiýasynyň hünärmenleri Oraza aýynda agyz açylanda iýmitiň aşa köp iýilmegi, aýratyn hem gowrulan naharyň ýa-da düzüminde şekeri köp bolan önümleriň sarp edilmeginiň adamyň ukusynyň hiline tersin täsir edýändigini belleýärler. Üstesine-de, etirine-de (selarlikde) iýmiti az iýmek möhümdir. Şeýle hem beden suwuklygyň gerekli mukdaryny almalydyr, sebäbi öňde oňa uzak wagtlap agzyň bekli gezmek garaşýar.
Klinikanyň baş lukmançylyk maslahatçysy Aişi Husseýniň aýtmagyna görä, iýmitiň kabul edilýän wagtynyň we onuň hiliniň üýtgemegi bedeniň biologik sagatlarynyň işini başgaça gurup (üýtgedip) biler. Şol sebäpli adamyň keýpi üýtäp bilýär, ýadawlyk, kelle agyry peýda bolýar.
Maslahatçy öz uky rejenamaňy dogrulamagy maslahat berýär, esasy ukudan öňürti kadaly ýagdaýda biräz uklamaklygy maslahat berýär.
Meselem, ukydan öňürti ýyly suwa düşünip bilner ýa-da bedeni hereketlendirip, ýeňil maşklary ýerine ýetirip bolar. Şeýle hem iň azyndan uklamagyňa 30 minut galanda ukydan öň elektron gajetlerden – telefonlardan, planşetlerden peýdalanmakdan ýüz döndermeli, şeýle hem salkyn, asuda we rahat ýerde uklamaly.
Günüň dowamynda irkilmegi hem ýatdan çykarmaly däl. Şunuň ýaly uky üçin Oraza aýynda iň köp wagt 30 minutdan köp bolmaly däldir. Şonda ol agşam uklamaga päsgel bermez.
Şunuň bilen baglanyşykly okaň:
Agyz beklenýän döwürde kelle agyrydan nädip gaça durmaly — lukmanyň maslahatlary
Näme üçin Orazada hurma iýmeli?
Agyz-açar menýusyny hödürleýän Aşgabadyň kafeleriniň we restoranlarynyň sanawy
ORIENT habarlar