Iň täze habarlar

Türkmen agyr atletikaçysy Albaniýada geçen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

27.03.2023 | 12:52 |
 Türkmen agyr atletikaçysy Albaniýada geçen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

Türkmen agyr atletikaçysy Ogulşat Amanowa Durresde (Albaniýa) geçýän 2023-nji ýylyň ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medalygazandy.

Ýokary sport ussatlygynyň paýtagtdaky sport mekdebiniň türgen-okuwçysy 47 kg agram derejedeçempionlygy resmileşdirdi. Amanowa iki ugruň jemiboýunça 156 kg: silterläp götermekde 71 kg we itekläp götermekde 85 kg netije görkezdi.

Ikinji baýrakly orna filippin gyzy Anželine Kaloni galdy – 155 (72+83). Bürünç medal Hindistandan gelen türgen Akankşa Wýawahare – 150 (68+82) miýesser etdi.

Ýetginjekler çempionatyna türkmen wekiliýetiniň düzümini 13 adam, şol sanda 9 türgen düzdi. Türkmenistandan agyr atletikaçylar dünýä birinjiliginde Gurbandurdy Amanowyň we Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýärler.

Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň çempionaty –IWF howandarlygynda her ýylky geçirilýän ýaryşdyr. Bu gezekki ýaryş 61 ýurtdan 13 ýaşdan 17 ýaşa çenli bolan üç ýüzden gowrak agyr atletika boýunça türgeniýygnady, olar 20 agram derejelerinde medallar ugrundabäsleşýärler. 25-nji martda başlanan çempionat 1-nji aprelde tamamlanar.

ORIENT habarlar

Foto: Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komiteti

Şeýle hem okaň: