Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Milli ýygyndy topary Moskwada Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda çykyş edýär

25.03.2023 | 19:27 |
 Türkmenistanyň Milli ýygyndy topary Moskwada Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda çykyş edýär

Türkmenistanyň Milli ýygyndy topary 24-27-nji martda Moskwada geçirilýän Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda çykyş edýär. Ýaryşa 27 adamdan ybarat wekiliýetiň düzüminden 24 türgen gatnaşýar.

Kubok ugrundaky sambo ýaryşlaryna Russiýanyň, Koreýanyň, Gyrgyzystanyň, Belarussiýanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Hytaýyň, Täjigistanyň we Marokkonyň türgenleri gatnaşýar.

Ýaryşyň maksatnamasy boýunça 58 kg, 64 kg, 71 kg, 79 kg, 88 kg, 98 kg çenli we 98 kg-dan ýokary agram derejesinde erkekleriň arasynda, şeýle hem 50 kg, 54 kg, 59 kg, 65 kg, 72 kg, 80 kg çenli we 80 kg-dan ýokary agram derejesinde zenanlaryň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça tutluşyklar geçiriler.

Sambony esaslandyryjylaryň kubogy sportuň bu görnüşini esaslandyryjylar hasaplanýan Anatoliý Harlampiýewiň, Wasiliý Oşepkowyň we Wiktor Spiridonowyň hormatyna atlandyryldy.

ORIENT-e mälim bolşy ýaly, 10-njy martdan 23-nji mart aralygynda türkmen türgenleri Bütindünýä sambo akademiýasy bilen meşhur bolan Russiýanyň Kstowo şäherinde okuw-türgenleşiklerini geçirdiler.

ORIENT news

Foto: luzhniki.ru

Şeýle hem okaň: