Iň täze habarlar

«Bahreýn düwüni» Türkmenistana nähili artykmaçlyklary berer?

23.02.2023 | 18:25 |
 «Bahreýn düwüni» Türkmenistana nähili artykmaçlyklary berer?

Türkmenistanyň we Bahreýniň baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soňra taraplar saparyň jemleri boýunça bilelikdäki maglumat çäp edildi, onda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri we ýakyn geljek üçin meýilnamalar beýan edildi.

Belli bolşy ýaly, Manama we Aşgabat « Bütindünýä deňiz-howa» logistiki habynda hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ykrar edilmegini hoş gördüler, ol hab Aziýa bilen Ýewropanyň bazarlarynyň arasynda üznüksiz aragatnaşygy üpjün edýär. Bu makalada ORIENT bu halkara düwnüniň güýçli taraplary barada gürrüň berer we onuň Türkmenistana nähili artykmaçlyklary berjekdigine düşünmäge kömek eder.

Biraz Bahreýn barada

Bahreýn adada ýerleşýän döwletdir: onuň tutýan meýdany 760 km2, bu bolsa türkmen paýtagtynyň çäginden 200 km 2 golaý azdyr. Ýöne özüniň uly bolmadygyna garamazdan, bu arap patyşalygy Pars aýlagy sebitinde wajyp orun eýeleýär. Sebäbi döwletiň ýerleşen ýüze golaý adalary aýratyn ykdysady zolak derjesini göterýän suw bölegini eýeleýär.

Mundan başga-da, Bahreýn nebit bazarynda uly sebitleýin oýunçylaryň biridir. Eger-de öň «dür ýurdunyň» ätiýaçlyklary gutarmaga golaýlan bolsa, 2015-nji ýylda göwrümi 80 mlrd barrele deň bolan slanes nebitli ýatagyň üsti açylandan soňra, Bahreýn dünýä nebit bahalaryna täsir etmegiň ryçagyny gaýtaryp aldy.
Ýöne ýurduň ýolbaşçylary ykdysady ösüşi diňe bir nebit mümkinçiligini amala aşyrmak arkaly çäklendirmäge garşy çykýar. Netijede ykdysadyýetiň uglerod däl bölegi artýar, onuň eksport girdejilerindäki paýy eýýäm 25%-den geçdi.

Dünýädäki ikinji berk walýuta bolan öz puly we ýönekeýleşdirilen salgyt ulgamy sebäpli, Bahreýn bank amallarynyň iri merkezleriniň birine we erkin walýuta dolanyşygynyň zolagyna öwrüldi, netijede bu ýerde dünýäniň iri arap kompaniýalary hasaba alynýarlar. Dünýä logistikasy nazaryndan aýratyn gymmaty berýän Pars aýlagynda ýerleşmegi 2021-nji ýylda «deňiz-howa» atlandyrylýan «Bahreýn bütindünýä logistiki habynyň» döremegini şertlendirdi.

Какие преимущества даст Туркменистану «Бахрейнский узел»?

«Deňiz-howa» logistiki hab: biz ol barada näme bilýäris?

«Bahreýn düwüni» başgaça bu ugry şeýle atlandyrýarlar, konteýnerlere bary-ýogy 2 sagadyň dowamynda hyzmat etmäge mümkinçilik berýän sebitdäki iň çalt multimodal logistiki merkezdir.

Bu nokat haýsydyr bir durnuklaşan ugry baglanyşdyranok, eýsem ulagyň esasy akymlaryny çekmegiň ýeridir. Bu ýer Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlarynyň arasyndaky ýarym ýolda strategik taýdan ýerleşendigi bilen esaslandyrylýar. Ol deňiz we howa başlangyç infrastrukturasyny utgaşdyrýandygy üçin bütin dünýäni gurşap alýar.

Tejribede hab resmileşdirmegiň amatlaşdyrylan düzgünlerine we doly sanlylaşdyrma daýanýar, bu bolsa harytlaryň Bahreýniň howa portundan deňiz portuna we tersine tizleşdirlip eltilmegini üpjün edýär. Arap çeşmeleriniň bellemegine görä, düwüniň esasy ýeri şunda jemlenýär: şu geçirip ýüklemä çykdajylaryň zerurlygy harytlaryň eltilmeginiň çalt amala aşyrylmagynyň we tizliginiň hasabyna ödelýär. Düwün arassa deňiz daşamalary bilen deňeşdireniňde haytlary 50% tiz daşamaga kömek edýär, şunlukda howa ulagy bilen deňeşdireniňde 40% arzan düşýär.

Ulagyň şunuň ýaly utgaşdyrylmagy Türkmenistan üçin örän möhümdir, sebäbi harytlar uçar arkaly çykarylar, soňundan bolsa deňiz arkaly ugradylar. Munuň üçin degişli hukuk platformasy – Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda howa gatnawy baradaky Ylalaşyk taýýarlandy.

Bahreýniň ulag ministri bir gezek: «Biziň ajaýyp ýerleşýändigimiz sebäpli, portlarymyzyň ýakynlygy, şeýle hem kadalaşdyryjy edaralarymyzyň, operatorlarymyzyň we portyň administrasiýasynyň ýakyn hyzmatdaşlygy sebäpli we biziň häzirki zaman çözgütlerimiz sebäpli biz bütindünýä logistiki kompaniýalary üçin merkez döredip bileris» - diýip, belledi.

«Bahreýn düwüni» Türkmenistana näme hödürläp biler?

Türkmenistanyň düwün taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy türkmen kompaniýalaryna Bahreýniň bütindünýä «deňiz-howa» logistiki merkezinde ygtyýarlandyrylan we ygtybarly ýük ugradyjylar bolmak mümkinçiligini berýär. Mundan başga-da, doly hukukly agza bolup diňe bir kompaniýalar däl, eýsem şu infrastrukturadan ähli peýdalanyjylar – eksport edijiler hem bolup bilýärler.

Munuň üçin ähli gerekli şertler döredilendir. Meselem, erkin ykdysady zolaklarda kärhanalar üçin 100% daşary ýurt eýeçiligi rugsat edilýär, eksport-import amallaryna hiç hili ýygym salynmaýar, 3 ýylyň dowamynda döwlet senagat zolaklarynda ýerden tölegsiz peýdalanyp bolýar, işiň birinji 5 ýylynyň dowamynda elektrik energiýasyna arzanladyş hereket edýär we başgada köp ýeňillikler bar.

Häzirki wagtda Türkmenistan Pars aýlagynyň ýurtlary bilen durnukly gatnaşyklary gurýar: Aşgabadyň we Abu-Dabiniň ýokary wezipeli adamlarynyň golaýdaky duşuşygyny ýatlalyň. Bu Türkmenistanyň «Demirgazyk-Günorta» we «Günbatar-Gündogar» Ýewraziýa ugurlaryny birleşdirip, şeýle hem harytlaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Russiýadan tiz wagtda çykarylyp, Ýakyn Gündogaryň bazaryna ugradylmagyny üpjün edip, esasy logistika merkezi bolmaga niýet edinýädigini görkezýär.

Manamanyň hödürläp biljek amatly şertlerinde türkmen uçarlary GCC-niň bazarlaryna (Saud Arabystany, Kuweýt, BAE, Katar, Bahreýn we Oman) «penjiräni açarlar».

Netije

Türkmenistan sebitiň ýurtlaryndan Pars aýlagynyň döwletlerine çenli, ondan aňryk bolsa deňiz arkaly – Afrika, Ýewropa, Günorta, Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýa Ýewraziýaüsti daşamalary işinde strategiki artykmaçlyk almak üçin Büttindünýä «deňiz-howa» logistiki habynda hyzmatdaşlyga goşular.

Арслан МАМЕДОВ

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: