Oktýabr aýynyň 11-ne, Aşgabatda geçirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäginde Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýewiň Kataryň döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huis bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory hem gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen we katar halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we edebi gymmatlyklaryň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem, iki ýurduň hem maddy we ruhy mirasy gorap saklamak hem-de kitaphana işini ösdürmek boýunça alyp barýan möhüm işleri bellenip geçildi.
Üns Kataryň Milli kitaphanasynda aýawly saklanylýan türki dünýäsi we türkmen halky bilen bagly gymmatly neşirlere gönükdirildi.
Türkmen tarapy häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň üsti bilen ýokary okuw mekdepleriniň şol neşirlere elýeterliligini üpjün etmäge gyzyklanma bildirdi. Sanlylaşdyrmak we maglumat alyşmak teklibi Kataryň wekiliýeti tarapyndan gyzgyn goldanylyp, ol ýakyn hyzmatdaşlyga taýyndyklaryny tassyklady.
Taraplar, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen hyzmatdaşlygynyň Arap ýarymadasyndaky ýurtlaryň arasynda aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar medeni we taryhy mirasy goramak hem-de ösdürmek ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we berkitmek üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
ORIENT
