BSGG we Türkmenistan dümew boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamyny pugtalandyrýarlar
13.10.2025 | 17:00 |7–11-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) tehniki missiýasy geçirildi. Missiýa Türkmenistanda dümew we ýiti dem alyş ýollarynyň ýokançlary (ÝDYÝ) boýunça utgaşdyrylan epidemiologik gözegçiligi güýçlendirmäge gönükdirildi. Bu çäre pandemiýa dümewine taýýarlyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Missiýanyň düzümine BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň (ÝSE BSGG) hünärmenleri, şol sanda dem alyş wiruslaryna gözegçilik boýunça tehniki hünärmen doktor Filding Jeýms Eduard hem girdi.
Bilermenler milli hyzmatdaşlara giň gerimli maslahat we tehniki goldaw berdiler. Iş saparynyň esasy tapgyry gözegçilik epidemiologiýasynyň täzeleşdirilen protokolynyň ýerine ýetirilişine baha bermek boldy. Üns aşakdaky ugurlara gönükdirildi:
• Epidemiologik we wirusologik gözegçiligiň düzüm bölekleri.
• Maglumatlaryň ýygnalyş we seljeriliş ulgamlary.
• Elektron gözegçilik ulgamyna üýtgetmeleri ornaşdyrmak.
BSGG-niň hünärmenleri milli mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen seminar geçirdiler. Seminar gözegçilik (dozor) we mozaik epidemiologik usullar, şeýle hem wirusologik maglumatlary dolandyrmak boýunça geçirdi.
Missiýanyň çäklerinde Aşgabatdaky möhüm saglyk goraýyş edaralaryna, şol sanda Köpçülikleýin saglygy goraýyş we iýmit merkeziniň Wirusologiýa referens barlaghanasyna saparlar guraldy. Şol ýerlerde barlaghana gözegçiliginiň we ähli epidemiologik ulgamynyň iş mümkinçilikleriniň derejesine baha berildi.
Missiýa netijeleriň strategik maslahatlaşmagy we tehniki teklipleriň berilmegi bilen tamamlandy. BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy Türkmenistana köpçülikleýin saglygy goraýyş ulgamynda taýýarlyk we jogap çärelere goldaw bermek babatynda mundan beýläk-de ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini tassyklady.
BSGG we nemes hünärmenleri inçekesel boýunça hünärmenler üçin okuw geçirildi
ORIENT