Türkmen inženerleri täze şertlerde gün panelleriniň netijeliligini barlaýarlar
17.12.2022 | 10:12 |Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi gün panelleriniň hasabyna elektrik bilen üpjün edýän 120 wattlyk LED çyralary gurak howa şertlerinde ulanmagyň ähmiýetliligini barlaýar.
Bu barada institutyň aspiranty Amirhan Matýakubow «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetindäki makalasynda gürrüň berýär.
Häzirki wagtda şeýle çyralaryň eýýäm 15 sanysy goýuldy. YÖM-i, talyplaryň gatnaşmagynda akkumulýator zarýadynyň kuwwatyny we näçe wagta ýetýändigini ölçeýär, şeýle hem daşky gurşaw derejesiniň gün panelleriniň işleýşine täsirini öwrenýär.
Bulutly howada pes öndürijilik energiýa garaşsyzlygy, ekologiki we ykdysady taýdan ygtybarlylyk, şeýle hem meýdan şertlerinde awtoýollaryň gurluşygynda uzak ýerlerde, nebit-gaz önümçiliginde we geologiki işlerindeulanmak mümkinçiligi bilen öwezini dolýar. Şeýle hem öri meýdanlarynda maldarlar tarapyndan we Garagumyň kiçi ilatly ýerlerinde ulanylma mümkinçiligi bar.
Merkeziň hünärmenleriniň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda şäher gurşawynda ýokary ýylylyk geçirijiligi, ýöne pes netijeliligi bilen häsiýetlendirilýän dürli görnüşli ýokary basyşly gaz çykaryjy çyralar bilen enjamlaşdyrylan yşyklandyryş enjamlaryny ulanýarlar. Köçe yşyklandyryşynyň ekologiýa taýdan has arassa görnüşe geçmegi ýakyn geljekdäki meseledir.
ORIENT news
Surat: earthgenerator.ru