Türkmenistan Daşkentde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
24.01.2023 | 22:57 |Özbegistanyň paýtagty duşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriň geňeşiniň 26-njy mejlisini kabul edýär. Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Ministrler Mabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär diýip, “Dünýo” habarlar agentligi habar berýär.
Şeýle hem Daşkent duşuşygyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary gatnaşýarlar. Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri, şeýle hem birnäçe halkara guramalaryň ýolbaşçylar mejlise çakylyk aldylar.
Delegatlar söwda, ulag, maýa goýumlar, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanlylaşdyrmak, energetika ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem gurama başlyklyk eden döwründe Özbegistanyň alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news