Hazarýaka ýurtlary 2023-nji ýylda bekre balyklary täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygy uzaldarlar
21.12.2022 | 09:39 |Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hem-de olary bilelikde dolandyrmak boýunça Komissiýasy 2023-nji ýylda balyklaryň bekre görnüşlerini täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygyň uzaldylmagyny hem-de bekreleriň ätiýaçlygyny täzeden dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. 2023-nji ýylda bekre balyklarynyň diňe ylmy-barlag maksady we emeli köpeltmek maksady bilen tutulmagy meýilleşdirilýär.
Komissiýanyň 6-njy mejlisine Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşýarlar. Gazagystan tarapy duşuşygyň guramaçysy bolup çykyş etdi.
Mejlisde suw bioserişdeleriniň senagat görnüşleriniň ätiýaçlyk gorunyň ýagdaýlaryna geçirilen ylmy-barlaglaryň netijelerine garaldy.
2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hakynda Ylalaşyga gol çekidi. Ony durmuşa geçirmek üçin Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hem-de olary bilelikde dolandyrmak boýunça Komissiýa döredildi.
ORIENT news