Iň täze habarlar

Daşoguzdaky Şawat kanalynyň boýunda topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak üçin agaç oturdylýar

21.12.2022 | 21:12 |
 Daşoguzdaky Şawat kanalynyň boýunda topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak üçin agaç oturdylýar

USAID guramasynyň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasy Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Daşoguz welaýatyndaky Şawat kanalynyň kenarynyň ugruny berkitmek işlerini geçirýär. Munuň üçin Daşoguz şäheriniň we onuň töweregindäki ýerleriň esasy suw arteriýasy bolan kanalyň ugrundaky kenary gorajak tokaý zolaklary döredilýär.

Tokaýlaşdyrma taslamasynyň umumy möçberi 22 ga bolan iki sany synag meýdanynda geçirildi. Jemi sowuk howa şertlerine we güýçli şorlaşan topraga uýgunlaýyp bilýän 9 müň sany agaç oturdyldy. Olaryň arasynda – garagaç, tut agajy, şeýle hem miweli baglar – alma, armyt we erik bar.

Ýerleriň oba hojalyk zerurlyklary üçin depginli peýdalanylýandygy sebäpli, Şawat kanalynyň kenarlary ýykylypdyr. Mundan başga-da, Daşoguz welaýatyna Aral deňiziniň meselesi güýçli täsirini ýetirýär. Bu bolsa ýerleriň köpüsiniň şorlaşandygyny we, esasan-da, oba hojalyk ýerleriniň baýlaşdyrmagy talap edýändigini aňladýar.

Taslamanyň çäklerinde oturdylan agaçlar şemalyň tizligini peseldýär, howanyň we topragyň gyzgynlygyny pese gaçyrýar, howanyň çyglylygyny ýokarlandyrýar. Olar şeýle hem topragyň örtügine we daşky gurşawa, ýerli ilatyň durmuş şertlerine oňyn täsir edýärler. Bulardan başga-da, kenary goraýjy tokaý zolaklary topragyň zaýalanmagynyň öňüni alýar, ýerasty suwlaryň derejesini peseldýär, golaýdaky ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni alýar.

ORIENT habarlar
Surat USAID tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: