Iň täze habarlar

NASA Swot hemrasy millionlarça derýalara we köllere barlag geçirer

19.12.2022 | 09:12 |
 NASA Swot hemrasy millionlarça derýalara we köllere barlag geçirer

Amerikanyň NASA kosmos agentligi hemrany uçurdy, ol garaşylyşy ýaly, Ýerdaki suw barada biziň garaýşymyzy üýtgeder.

Swotyň wezipesi derýalaryň, suwly howuzlaryň we kölleriň anyk beýikligini şekillendirmekden, şeýle hem deňsiz-taýsyz ölçeglerde ummanyň ýüzüniň aýratynlyklaryny barlamakdan ybarat bolar. Munuň özi suw almalary we gurakçylyklary çaklamagy gowulanyrmalydyr hem-de barlaglary alyp barýanlara howanyň nähili üýtgeýändigine çuňňur düşünmäge kömek etmelidir diýip, BBC ýazýar.

2.jpg

“Üstki suwlaryň we ummanyň topografiýasy” topary üçin uçuş Kaliforniýadan amala aşyryldy. Hemrany Falcon raketasy uçurdy. Swota Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň kosmos agentlikleriniň gatnaşmagyna, esasan, NASA we Cnes fransuz kosmos agentligi ýolbaşçylyk edýärler.

Swotyň doly işlemegine çenli birnäçe aý geçer; onuň Fransiýada öndürilen Ka-diapazonly radar interferometriniň uzyn ştangalary bolup, olary ilki gaplaryndan çykarmak gerek.

3.jpg

Hemranyň ini 100 metrden az bolmadyk hemme derýalary we ölçegi 6 gektardan gowrak bolan ähli kölleri barlag etmäge mümkinçiligi bar. “Mysal üçin, 1000 kölden diňe 10-sy oňat barlanyldy. Biz millionlarça kölleri barlarys” diýip, toparyň alymlary aýdýarlar. Umman barada aýdylanda, Swot möçberi 20 km. çenli bolan akymlar hem-de suw girdaplary bilen baglanyşykly suwuň ýüzündäki güberçeklikleri we oýuklary görer. Swot 10 sm. çenli takyklygy bilen suwuň beýikligini berer.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: