«Climate Compass» Türkmenistan bilen metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça işleşmäge gyzyklanma bildirýär
15.12.2022 | 13:52 |Amerikanyň «Climate Compass» kompaniýasy Türkmenistan bilen tebigy gaz ýitgilerini ýüze çykarmak we azaltmak ugrunda işleşmäge gyzyklanma bildirdi. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi Türkmen-amerikan işewürlikforumynda ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Kompaniýanyň işi gymmatly harydy gorap saklamak bilen bir hatarda tebigy gazy öndürýän, geçirýän we paýlaýanulgamdan metanyň zyňyndylaryny çalt we netijeli azaltmaga gönükdirilendir.
«Climate Compass» kompaniýasynyň hünärmenleri diňe bir syzdyrmalary düzetmek we täzeleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem ýerli kompaniýalaryň işgärlerine syzdyrmalary tapmagy we BMG-niňstandartlaryna laýyklykda abatlamagy öwrederler.
«Climate Compass» kompaniýasy önümçilik ulgamlaryndan parnik gazlarynyň mukdaryny kesgitlemek we azaltmak boýunça çäreleri maliýeleşdirmekde, ösdürmekde we durmuşa geçirmekde dünýä boýunça öňdebaryjy hasaplanýar. Şu wagta çenli kompaniýa Bangladeş we Özbegistan ýaly Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekipdi.
ORIENT news
Surat: margin.az