Iň täze habarlar

Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynyň Biodürlülik baradaky maslahatyna bolan garaýyşy

08.12.2022 | 16:03 |
 Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynyň Biodürlülik baradaky maslahatyna bolan garaýyşy

7-nji dekabrda Monreal şäherinde BMG-niň biodürlülik baradaky 15-nji konferensiýasynyň (COP15) ikinji tapgyry boýunça duşuşyk geçirildi. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýurtlaryň hökümetleri 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawa degişli global hereketleri alyp barjak täze maksatlar we taslamalar barada özara ylalaşmak üçin ýygnanarlar.

Bu maslahatdan dünýä jemgyýetçiligi näme tama edip biler? COP15-iň başlygy hökmünde Hytaý nähili orny eýeleýär? Bu barada China Daily agentliginiň habarçysy Hytaýyň ekologiýa we daşky gurşaw ministri Huang Runqiu bilen bolan söhbetdeşliginden soň habar berýär.

Ministriň belleýşi ýaly, dünýäniň jemi içerki önüminiň ýarysyndan gowragy biodürlülige baglydyr. 3 milliarddan gowrak adamyň durmuşy deňiz we kenarýaka biodürlülige, 1,6 milliarddan gowrak adamyň durmuşy bolsa tokaýlara we agaç däl tokaý önümlerine garaşlydyr.

Конференция ООН по биоразнообразию: взгляд из Китая

Mundan başga-da, biodürlüligiň tebigy deňagramlylygy saklamakda örän uly ähmiýeti bardyr, mysal üçin, olara suw çeşmeleri bilen üpjün etmek, suwy we topragy tygşytlamak, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak ýa-da azaltmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adam saglygyny goramak degişlidir.

2021-nji ýylda Biodürlülik baradaky konwensiýanyň taraplaryň maslahatynyň (COP15) 15-nji mejlisiniň ýolbaşçylarynyň sammitinde eden çykyşynda Başlyk Si Szinpin halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, biodürlüligi goramak, şeýle hem adamyň we tebigatyň sazlaşykly şekilde ýaşamagynyň zerurdygyny nygtapdy.

Şeýle hem ministr Hytaýyň ösüş meýilnamalarynda biodürlüligi gorap saklamak ýaly birnäçe kanunlary we kadalary işläp düzmek arkaly biodürlüligi gorap saklamagyň milli ösüş strategiýasyna öwrülendigini belledi.

Mundan başga-da, Hytaý Halk Respublikasy ýurduň milli seýilgählerine aýratyn üns berip, ýörite goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny döretdi. Häzirki wagtda ýurtda ilkinji bäş sany milli seýilgäh, 200-e golaý botanika bagy we ýabany haýwanlary dikeltmek we köpeltmek maksatly 250 sany merkez guruldy. Hytaý tebigy- ekologiki giňişlikleri gorap saklamagy we dikeltmegi güýçlendirdi. Mysal üçin, Hytaý bütindünýä innowasiýasy bolan tutuş ýurt boýunça daşky gurşawa gyzyl çyzyklaryny çekmek başlangyjyny amala aşyrmak bilen başlady. Gyzyl çyzyklar daşky gurşawdaky gowşak ýerleriň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

COP15-iň ikinji tapgyrynyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli bütindünýä biodürlüligini dikeldilişini ýola goýmak, ýagny häzirki biodürlüligiň ýitip ýok bolup gitmek howpuny aradan aýyrmaklyga gönükdirilendir.

ORIENT news
Surat: China daily, Xinhua

Şeýle hem okaň: