Iň täze habarlar

Gawaýlarda dünýäniň iň iri işjeň hereket edýän wulkany atylyp çykmaga başlady

29.11.2022 | 22:25 |
 Gawaýlarda dünýäniň iň iri işjeň hereket edýän wulkany atylyp çykmaga başlady

Dünýäniň iň uly işjeň hereket edýän wulkany Mauna Loa soňky 40 ýylyň dowamynda ilkinji gezek atylyp çykdy we Gawaýlaryň Uly adasyna we töweregindäki suwlara kül ýagmagyna sebäp boldy. Bu barada CNN agentligi habar berýär.

«Külleriň ýagmagy ekinlere we haýwanlara zyýan ýetirip biler, şeýle hem enjamlarda we infrastrukturada ownuk zeperlere sebäp bolup, hatda görnüşiň peselmegine hem getirmegi mümkindir. Eger-de täsiri has güýçlense, sebiti külden arassalamaly bolar» - diýip, Gawaýlaryň döwlet syýahatçylyk edarasynyň wekilleri habar berýärler.

Geologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, ilkinji atylyp çykma 1843-nji ýylda bolup geçenden soňra, Mauna Loa wulkany ýene-de 33 gezek atylyp çykypdy. Iň soňky atylma 1984-nji ýylda bolup, emele gelen lawa akymy tas Hilo şäherine baryp ýetipdi. Ol adadaky şäherleriň iň ulysydyr.

Mauna Loa wulkanynyň şeýle işjeň ýagdaýda bolandygy üçin, ol dünýädäki iň uly hereket edýän wulkan diýlip hasaplanýar.

ORIENT news
Surat: Boston.com

Şeýle hem okaň: