Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň nebit ministri bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň nebit ministri bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Pakistanyň Döwlet nebit ministri Musadik Malik bilelikdäki energetika taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar duşenbe güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek baradaky meselä degip geçdiler hem-de onuň energetika ugurlaryny anyklaşdyedylar diýip, türkmen teleradioýaýlymlarynyň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde habar berildi.

Gürrüň TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasynyň öňe ilerledilmegi barada gitdi. Şol taslamanyň üstünde häzir ähli taraplar depginli işleýärler. TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçiriji we optika-süýmli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça pikir alyşyldy. Bellenilişi ýaly, bu taslamalar sebitiň ösmegine hem-de onuň giňişliginde halkara gatnaşyklaryna uly goşant goşar.

Serdar Berdimuhamedow ägirt uly energiýa serişdelerine eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bu ulgamda iri möçberli sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek bilen, sebitde we Ýer ýüzünde durnukly ösüşi saklamak maksady bilen, olaryň eksport edilişini diwerifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem Musadik Malik öz ýurdunda köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren sentýabrda bolup geçen güýçli ýagyşlaryň we sil almalaryň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmaga goldamakda beren ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi.

ORIENT news