Türkmenistan we BAE port düzümini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder
16.09.2022 | 04:41 |Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Abu Dhabi Ports toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Resminama ulag düzümleriniň we hyzmatlarynyň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň ornaşdyrylmagyna, oňdebaryjy sanly tehnologiýalary girizmegiň hasabyna portlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmäge ýardam bermäge hyzmat eder.
Ähtnama gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň binasynda geçirildi.
Türkmen wekiliýeti saparynyň dowamynda, şeýle hem ulag kompaniýalarynyň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi, şolaryň hatarynda Raýat awiasiýasynyň baş dolandyryş edarasy, Etihad Technic и Etihad Rail bar.
Gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň, şol sanda uçarlara tehniki taýdan hyzmat etmek, Türkmenistanyň BAE-däki Ulag-logistika merkeziniň wekilhanasy bilen özara hereket etmek babatda hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de BAE-niň arasynda yzygiderli gatnawlary artdyrmak meselesine deglip geçildi.
ORIENT news