Tölegli ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany iki ýyllyk iş tejribeligi ýatyrylar

Tölegli ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany iki ýyllyk iş tejribeligi ýatyrylar

Tölegli esasda okan Türkmenistanyň ÝOM-niň uçurymlaryna diplom almak üçin iki ýyllyk zähmet tejribeligi hökmany şert bolmaz.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hökümete bu mesele boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ozal ÝOM-niň uçurymlarynyň hemmesi iki ýyl döwlet kärhanalarynda iş tejribeligini geçmeli bolýardy we diňe şondan soň, diplom alyp bilýärdi. Şeýle hem, harby we hukuk goraýjy edaralarda çagyryş boýunça iki ýyllyk gulluk hem iş tejribeligi hasaplanýardy.

ORIENT news