Medeniýet

Näme üçin Puşkin biziň hemme zadymyz? Üç esasy delil
06.06.2023
|18:15
|1541
6-njy iýun – dünýä derejesinde bellenilýän rus diliniň halkara güni.

Hudaý tarapyndan berlen mugallym we uly ýürekli adam: konserwatoriýada Nikolaý Amiýansyň ýadygärligine bagyşlanan konsert
05.06.2023
|20:10
|1624
Şenbe güni Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zehinli sazanda, görnükli mugallym we ajaýyp adam Nikolaý Artyomowiç Amiýansyň ýadygärligine bagyşlanan konsert geçirildi. Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, türkmen skripka mekdebini esaslandyryjy Nikolaý Artýomowiç, türkmen aýdym-saz dünýäsinde Hudaý tarapyndan berlen mugallym hökmünde tanalýar.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýaş zehinler Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda çykyş etdiler
28.05.2023
|17:35
|808
Şenbe güni Milli medeni merkeziň Mukamlar köşgünde türkmen we dünýä klassiki sazynyň konserti geçirildi. Guramaçylar gaty uly iş etdiler, köp güýç sarp edildi, çäräni iň mynasyp derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikler ulanyldy. Munuň sebäbi onuň diňe konsert däldigindedi.

Moskwadaky «Dutaryň owazy» festiwaly ýerine ýetiriş bäsleşiginde sazandalara garaşýar
27.05.2023
|23:57
|1221
Taslamanyň awtory kompozitor Mamet Guseýnow bolan Moskwanyň Nury Halmamedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly şu güýzde 7-nji gezek - 28-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda geçiriler. Täze möwsüm beýik türkmen kompozitory Nury Halmamedowyň (1938-1983) 85 ýyllygyna bagyşlanýar.

Iýun aýynyň ugry: Çagalar gününden başlap, Gurban baýramyna çenli - tomusyň ilkinji aýynda belleýän baýramçylyklarymyz
27.05.2023
|01:49
|1184
Türkmenistanda tomsuň ilkinji aýynyň iň aýdyň wakalarynyň biri 13-16-njy iýunda Hazaryň kenarynda geçiriljek Awaza-2023 halkara tans we halk döredijiligi festiwaly bolar. Eýranyň, Belarusiýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň döredijilik toparlary oňa gatnaşygyny tassykladylar.

Syýasy sypaýylyk näme we näme üçin ol häzirki zaman dünýäsinde wajyp
24.05.2023
|17:06
|1864
Syýasy sypaýylyk — bu XXI asyryň dili bolmak bilen, ol dawalardan we düşünişmezliklerden azat adamzat jemgyýetiniň ösüşini kesgitleýär. 1980-nji ýyllarda syýasy sypaýylyk ýa-da «inklýuziw dil» hadysasy bir tarapdan ilatyň gowşak toparlaryny kemsitmelerden goramaga ymtylyşyny, beýleki bir tarapdan bolsa — şunuň ýaly çydamsyzlygyň islendik görnüşlerini ýok etmekligi özünde utgaşdyrýardy.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň baştutany: döredijilik ýoly we türkmen şekillendiriş sungaty hakynda
22.05.2023
|17:29
|3999
ORIENT Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow bilen onuň Stambula saparyndan soňra söhbetdeş boldy, ol ýerde türkmen suratkeşleri «Respublikanyň 100 ýyllygyna 100 surat» taslamasynyň çäklerinde Türkiýäniň we Türkmenistanyň gözelligini beýan etdiler.

Saz sungatyny öwrenijiler Maýa Kulyýewa adtndaky TMK-da mowzuklaýyn hepdeligi geçirdiler
21.05.2023
|21:25
|1355
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, gurnaýjylaryň kompozitor Nury Halmämmedowyň ýubileýine bagyşlan her ýylky mowzuklaýyn hepdeligi geçirildi. Baýramçylyklar eýýäm kompozitoryň portretleri bilen bezelen konserwatoriýanyň giň we ýagty zalynda başlandy. Ähli myhmanlara myhmansöýerligi we mähirliligi alamatlandyrýan adaty pişme hödür-kerem edildi.

Aşgabatda kompozitor Daňatar Hydyrowyň eserlerinden ýubileý konserti geçirildi
21.05.2023
|19:23
|1925
Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda kompozitor Daňatar Hydyrowyň eserlerinden konsert geçirildi. Bu ýyl ussat ýubileýini belleýär we şonuň bilen birlikde, dabaraly maksatnama ýyllar boýy ýerine ýetirilen işler üçin özboluşly saz hasabatyna öwrüldi.

Goşa ýubileý: «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň gala konserti
19.05.2023
|16:07
|1700
«Jübüt» doglan gün ýa-da goşa ýubileý – ynha, «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň Aşgabatda, Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçirilen uly gala konsertini şeýdip atlandyryp bolýar. Ansamblyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark 85 ýaşady we bu meşhur sazçylyk toparynyň döredilmegine 45 ýyl boldy.