Iň täze habarlar

Türkmen kompozitorynyň pýesasy Russiýada täze ýaşaýyş aldy

17.06.2023 | 23:32 |
 Türkmen kompozitorynyň pýesasy Russiýada täze ýaşaýyş aldy

Bu sazlaşykly owaz, Iwanowonyň sazandalarynyň kalbynda aýratyn ýylylyk bilen ýaňlanýar. Onuň awtory, tanymal türkmen kompozitory Nury Halmämedow Sowet ýyllarynda Iwanowa birnäçe gezek gelip, Kompozitorlaryň döredijilik öýünde galypdy. Çagalaryň fortepýano eserleriniň ýygyndysyny açýan kiçijik kompozisiýa ol «Iwanowoda» «Mimolýotnosti» diýip at berdi.

– Bu saz halk ruhunda şeýle ajaýyp. Men ony ilkinji gezek eşitdim, ýöne onuň şeýle ajaýyplygyny düşündirip bolmaýar. Bu sazyň indi Iwanowoda galmagy we ýaňlanmagy haýran galdyryjy diýip, Iwanowo sazçylyk uçilişesiniň uçurymy Ulýana Polýakowa öz täsirleri bilen paýlaşdy.

Iwanowoda şu wagta çenli beýle saz eseri hakda bilmeýärdiler. Gelinler şäherine notalary Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Aýna Şirowa, Iwanowanyň ýaşaýjylarynyň «Türkmen kompozitorlarynyň hepdeligi» atly halkara çäresine gatnaşandygy üçin minnetdarlyk hökmünde iberdi.

1 (4).jpg

«Iwanowodaky sazandalaryň we žurnalistleriň wideo fleş-mobuna goşulmagy aýratyn ýakymly pursat boldy. Mälim bolşy ýaly, köp sanly türkmen kompozitory bu ajaýyp şähere, Kompozitorlaryň döredijilik öýüne baryp gördiler»,-diýip kompozitor Aýna Şirowa gürrüň berdi.

Fleş-mob üçin wideo Iwanowonyň sazçylyk uçilişesinde ýazga alyndy. Bu ýerde 45 ýyldan gowrak wagt bäri kompozitor we mugallym Natalýa Şerbinina mugallymçylyk edýär. Ol Nury Halmämedow bilen şahsy gürrüňdeş bolupdy.

«Men 1970-nji ýyllarda onuň bilen söhbetdeş boldum. Ol maňa örän mylaýym, zehinli, çeper kompozitor hökmünde täsir galdyrdy. Biz diňe sazyny ýazga geçirmedik. Biz ony tutuş Iwanowo sebitine ýaýratdyk»,-diýip ol ýatlaýar.

Iwanowo sazandalary üçin Nury Halmämedowyň «Iwanowoda» pýesasynyň Kompozitorlaryň döredijilik öýüniň ýubileý ýylynda mälim bolany ajaýyp pursat boldy.

«Şeýlelikde, kompozitoryň geçen asyryň 1970-nji ýyllarynyň ahyrynda ýazan eseri, ýarym asyrdan soň, çüýşä salynan bellik ýa-da saz habary ýaly, öz salgysyny tapyp, iki şäheri, iki ýurdyň sazandalaryny we iki döwri birleşdirýän saz we medeniýet köprüsi bolandygyny aýdyp bolar»,-diýip Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozitory we mugallymy Aýna Şirowa belledi.

Kompozitorlaryň döredijilik öýi, 80 ýyl mundan ozal, Iwanowskiý etrabynyň Afanasowo obasyndan, Harinka derýasynyň kenarynda peýda boldy.

2 (4).jpg

«Aslynda, Moskwanyň töweregindesebitinde (Beýik Watançylyk urşy döwründe) uly söweşler bolup geçendigi. Sowet kompozitorlarynyň (şol ýerde) öz dynç alyş we döredijilik öýi bardy. Olar şol ýerde dynç alýardylar we Staraýa Ruzada işleýärdiler. Emma ol ýykyldy. Ýöne şol döwürde sazyň uly ähmiýetini göz öňünde tutup, şol döwrüň beýik sowet kompozitorlarynyň dynç alyp biljek ýerlerinden Moskwadan uzak bolmadyk ýerde şeýle myhmansöýer ýer döretmegiň zerurdygyna karar berdiler. 1943-nji ýylyň ýazynda karar kabul edildi we tomusda ilkinji atlar - Şostakowiç, Haçaturýan, Prokofýew, Kabalewskiý, Mokrousow ýaly hem-de nähili atlar peýda boldy diýip, Iwanowo sebitiniň döwlet arhiwiniň müdiri Aleksandr Semenenko gürrüň berdi.

Hut şul ajaýyp ýerde Şostakowiçiň ýedinji simfoniýasy we Prokofýewiň orkestri bilen fortepýano üçin 8-nji sonatasy ýazyldy. Emma, gynansak-da, indi bu ýer idegsiz galdy.

«Şu ýeriň eýesi çykdy. Belki-de, bu ýerde uruş ýyllarynda sowet halkyny nemes-faşist basybalyjylaryndan goramaga ruhlandyrýan eserleri döreden gyzykly adamlaryň bolandygy barada ýadygärlik nyşany ýa-da maglumat tagtasy peýda bolar»,-diýip Semenenko belledi.

3 (4).jpg

«Iwanowoda» pýesasy sazçylyk uçilişesiniň işgärlerini şeýle bir ruhlandyrdy welin, olar bu sazyň esasynda Kompozitorlaryň döredijilik öýüniň ýubileýi mynasybetli aýdym ýazmak kararyna geldiler. Sazy Natalýa Şerbinina ýazdy, sözleri - Anna Lomonosowanyňky.

Olaryň sazlary şu ýerden başlandy.
Hemmelr üçin sonatalar, simfoniýalar, pýesalar.
Ýakyn obada ilkinji gezek ýaňlanypdylar
Baky Russiýanyň beýik eserleri ...

Natalýa Borisowna, köp ýyllap döredijilik öýünde geçirilen ýaş kompozitorlar üçin seminarlara gatnaşandygyny aýdýar.

«Biz ähli sazandalar bilen aragatnaşyk sakladyk we saz alyşdyk. Ol ýerde gyzykly 5-nji daça bardy. Biz her gün oňa täze kompozitorlaryň täze kompozisiýalaryny diňlemek üçin barýardyk, saz düzmek işi bilen tanyşýardyk. Olar täze ýerine ýetirijiler hakda gürrüň berýärdiler. Döredijilik öýündäki şeýle bagt, aragatnaşyk bagty, ruhy iýmiti, hiçhaçan gaýtalanmazmyka diýýarin»,-diýip Iwanowonyň sazçylyk uçilişesiniň mugallymy, Iwanowo sebitiniň sazçylyk jemgyýetiniň başlygy Natalýa Şerbinina gürrüň berdi.

Kompozitorlaryň döredijilik öýüniň hatyrasyna Afanasowo obasynyň ýaşaýjylary kiçi seýilgäh döretmek kararyna geldiler. Taslama, «Amatly şäher gurşawy» onlaýn ses berişlikde ýeňiş gazandy. Skameýkalar, yşyklandyryş we tegelek örtükli sahna bilen abadanlaşdyryş dizaýnyna üç müňe golaý ýaşaýjy ses berdi.

Lýubow Kiýaşko, «Russiýa 24 - Iwanowo» kanalynyň habarçysy

Foto: @gtrk.ivteleradio

Şeýle hem okaň: