Iň täze habarlar

Türkmenistanly rus dili mugallymlary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

11.07.2025 | 13:22 |
 Türkmenistanly rus dili mugallymlary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Puşkin instituty “Russkiý mir” Gaznasy bilen bilelikde GDA we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň rus dili mugallymlaryny hünär ussatlygy bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Wýetnamyň, Indoneziýanyň, Kambojiniň, Laosyň, Mýanmanyň we Taýlandyň rus dili mugallymlaryna rugsat berilýär.

Arzalar 31-nji iýula çenli https://quiz/pushkininstitute.ru//profskill/ saýty boýunça “Rus dilinde bilim” portalynda kabul edilýär. Bäsleşik iki tapgyrda geçer: 1-nji awgustdan 5-nji sentýabra çenli onlaýn tapgyry hem-de 15-21-nji oktýabr aralygynda jemleýji tapgyr Moskwadaky Puşkin institutynyň binýadynda.

Ýeňijiler diplomlar bilen sylaglanyp, 2026-njy ýylda VI Kostomarowsk forumyna çagyrylar. Ähli gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşurylar. Sylaglamak dabarasy XVII Rus dünýäsiniň Assambleýasynyň çäklerinde geçiriler.

ORIENT

Foto: podrobno.uz

Şeýle hem okaň: