Iň täze habarlar

Özüne çekiji plener: Sungatdaky dialog halklary ýakynlaşdyrýar

20.06.2023 | 23:20 |
 Özüne çekiji plener: Sungatdaky dialog halklary ýakynlaşdyrýar

Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda amerikan suratkeşi Eými Erikson bilen plener tehnikasynda işlän ýokary döredijilik mekdebiniň okuwçylarynyň sergisi açyldy. Bir hepdelik dowam eden seminarlar ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan durmuşa geçirilýän sungat alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde boldy. Sergi sungat işgärlerini, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň işgärlerini, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny bir ýere jemledi.

IMG_20230621_005836.jpg

Sergi ABŞ-nyň ilçihanasynyň jogapkär wekili Waýda Widugirisiň çykyşy bilen açyldy. Diplomat öz çykyşynda döredijilikli gatnaşyklaryň möhümdigini aýtdy we sungatyň pikirleri beýan etmegiň ähliumumy usuly hökmünde medeni tapawutlary ýeňip geçip, dil päsgelçiliklerini ýok edip we adamlaryň arasynda özara düşünişmegi ösdürip biljekdigini belläp geçdi.

IMG_20230621_010256.jpg

– Bu gün bu zehinli türkmen talyplarynyň eserlerinden lezzet alýarkam, hyzmatdaşlygyň güýjüni we sungatda tejribe alyşmagy bellemek isleýärin. Ol medeni alyş-çalyşda, halklaryň arasynda özara hormatda we düşünişmekde möhüm orun tutýar,-diýip Widugiris aýtdy.

1 (2)-1.JPG

Soňra, Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow we TDÇA-nyň ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Türkmen ussalary dürli medeniýetleriň we däp-dessurlaryň arasynda esasy birleşdiriji bölek hökmünde sungatyň ähmiýetini bellediler.

IMG_20230620_160540.jpg

– Biz dünýä derejesindäki hünärmen bilen işlemek mümkinçiligimiziň bardygyna örän şat. Hanym Erikson we beýleki ussatlar ýene-de Türkmenistana gelerler we geljekde zehinli türkmen talyplarynyň başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen şeýle derejäniň ussady bilen ýene-de işleşip bileris diýip umyt edýäris.

IMG_20230620_155321.jpg

Giriş sözlerinden soň myhmanlara sowgat garaşýardy – TDÇA-nyň adyndan dünýä belli suratkeşe şahadatnama we türkmen halkynyň nyşanlaryndan biri bolan ahalteke atynyň heýkeli gowşuryldy.

IMG_20230620_160848.jpg

Guramaçylar, ýygnananlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirip, myhmanlary Oregonly suratkeş bilen ussatlyk sapaklaryna gatnaşan iň zehinli talyplaryň çeken suratlaryna baha bermäge çagyrdy. Sergide ABŞ-ly hünärmeniň ýolbaşçylygynda edilen iň oňat ýüzlerçe eser görkezildi. ORIENT bilen geçirilen söhbetdeşlikde Eými Erikson şeýle diýdi:

IMG_20230621_005802.jpg

– Men Türkmenistana gelenimde, hiç hili çaklamam ýokdy: ýerli talyplaryň taýýarlyk derejesiniň nähilidigini bilmeýärdim we şonuň üçin hem nämä garaşjagymy bilmeýärdim. Biz işe girişenimizde haýran galdym: olar uly höwes bilen göwnejaý burç gözläp başladylar, zergärleriň takyklygy bilen tebigy ýagtylygy boýag arkaly berdiler. Men ýerli okuw maksatnamasy bilen tanyş däl, ýöne olaryň hünär derejesi gaty gowy. Bu sergi olaryň yhlaslylygynyň netijesidir. Geçmişde köp sanly plener sergilerine baryp gördüm, ýöne bu iň ajaýyplaryndan biridir. Maňa şeýle geljegi uly suratkeşler bilen işlemek mümkinçiliginiň düşendigine begenýärin!

IMG_20230621_005916.jpg

Medeniýetara hyzmatdaşlygy talyplaryň özleri höwes bilen kabul etdiler:

IMG_20230620_160755.jpg

– Ol biziň garaşýan zatlarymyzdan has ýokarydy! Ýakynda bize wideo düşürmek sungaty boýunça fransuz hünärmeni geldi we ABŞ-ly suratkeşden hem biz üýtgeşik bir zada garaşýardyk. Seminarlar hemmeleriň göwnüne ýarady. Hanym Erikson hemme zady elýeterli we düşnükli düşündirdi. Umuman aýdanyňda, sungat terjimeçini talap etmeýän dil: ähli zady çotga bilen ýetirip bolýar. Açyk meýdanda işlemek studiýadaky ýagdaýdan düýpgöter tapawutlanýar: plenerde suratkeş kompozisiýa düzmeýär, ol diňe gün ýaşmazyndan ozal wagt bilen çäklenýär we tebigy ýagtylygyň we kölegeleriň köp taraplylygyny berýär. Emeli ýagtylygy tebigy yşyk bilen deňeşdirip bolmaz we bu hem eseriň özünde aýdyň görkezilýär. Şeýle ussatdan öwrenmek biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak we ýatdan çykmajak tejribe.

20230612_112547.jpg

Myhmanlar uzak wagtlap paýtagtyň seýilgähleriniň hakyky peýzažlaryndan we şäher landşaftynyň şekillerinden aýrylyp bilmediler. Talyplaryň özleri hem bir hepdelik yhlasly tejribesini ýadyna salyp, işlerine birnäçe gezek syn etdiler. Agşama sergi zaly boşdy, emma bu uzak wagtlap däl: ertesi, tutuş günüň dowamynda gözelligi söýýänler, plener bilen ýakyndan tanyşmak isleýänler üçin açyk bolar.

IMG_20230621_010217.jpg

Saparguly MAHTUMOW

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: