Iň täze habarlar

Syýasy sypaýylyk näme we näme üçin ol häzirki zaman dünýäsinde wajyp

24.05.2023 | 17:06 |
 Syýasy sypaýylyk näme we näme üçin ol häzirki zaman dünýäsinde wajyp

Syýasy sypaýylyk — bu XXI asyryň dili bolmak bilen, ol dawalardan we düşünişmezliklerden azat adamzat jemgyýetiniň ösüşini kesgitleýär. 1980-nji ýyllarda syýasy sypaýylyk ýa-da «inklýuziw dil» hadysasy bir tarapdan ilatyň gowşak toparlaryny kemsitmelerden goramaga ymtylyşyny, beýleki bir tarapdan bolsa — şunuň ýaly çydamsyzlygyň islendik görnüşlerini ýok etmekligi özünde utgaşdyrýardy.

Bu näme diýildigi? Diliň käbir aýratynlyklary dawalaryň döremegine ýa-da olaryň öňbaşçysy bolmaga nähili täsir edip biler? Näme üçin adamlar aragatnaşyk prosessinde emele gelýän päsgelçiliklere üns bermeli?

Что такое политкорректность и почему она важна в современном мире

Birinjisini düşünişeliň: syýasy sypaýylyk näme üçin gerek?

Häzirki zaman eýýamy adamdan beýleki şahslara sarpaly garaýşy talap edýär. Jemgyýet onuň her bir agzasynyň beýlekileriň araçägini diňe bir ykrar etmän, eýsem oňa hormat goýmagyna ymtylýar, her bir şahsyýetiň subýekti birinji orunda durýar. Şahsyýetara gatnaşyklaryny kämilleşdirmek prosessleriniň çuňlaşmagy we adamzat jemgyýetiniň köpdürlülik faktynyň ykrar edilmegi könelişen stigmaly kesgitlemelerden doly «janly» diliň özüniň esasy funksiýasyny- kommunikatiwlige eýe bolmagyny bes etmegidir. Sebäbi täze etika garşy gelýän sözler dörände, adam söhbetdeşiniň näme aýdýanyna däl-de, ony nähili edýänine üns berip başlaýar.

Şu ýerde hem kommunikasiýa kesilýär, dil aragatnaşyk serişdesi bolmagyny bes edýär, ol ara alyp maslahatlaşmalaryň, hatda jedelleriň özenine öwrülýär. Syýasy sypaýylygyň wajypdygy hakynda hatda dilçi S.G. Ter-Minasowa hem aýdypdy, bu adalga derek «söz takty» düşünjesine tapawut goýupdy.

Aýdyň mysal. «Inwalid» sözi (lat. Invalidus — güýçsiz) bu rus diliniň häzirki göterijileri tarapyndan birnäçe manyda kabul edilip bilner. Elbetde, bu sözde hiç hili kemsitmäni görmeýän köp adam bardyr, ýöne bu sözi başgaça kabul edýän adamlaryň bardygyny inkär etmek nädogry bolar. «Inwalid» sözüniň käbir adamlar üçin otrisatel duýgylary döredip biljekdigini boýun almalydyrys. Edil şonuň üçin hem «beden mümkinçiligi çäklendirlen adam» diýlen bitarap adalga oýlanyp tapyldy. Düşnükli, «inwalid» diýip aýtmak has düşnüklidir, hem amatlydyr, hatda adamlaryň köpüsi entekler hem ony ulanýar. Eger-de biz diliň aragatnaşyk etmekde päsgelçilikleri döredip biljek emosional däl-de, kommunikatiw funksiýany ýerine ýetirmegini islesek, onda «boş», ýöne barlanan bitarap adalgalary ulanmak gerekdir.

Что такое политкорректность и почему она важна в современном мире

Nädip käbir sözler has duýgur, iki manyny beriji bolýar?

Sözleriň özi «könelmek» ukybyna eýedirler, olara, edil köne gämä ýelmeşen ýaly, ekspressiw reňkleriň mollýusklary ýelmeşip başlaýar. Şundan soňra «inwalid» sözüniň funksiýasyna onuň ilkibaşdaky manysyna häsiýetli bolmadyk, başga manylar goşulandan soňra, onuň edebi kadadaky agdyklygyna gaýtadan seretmeli bolar. Sebäbi diliň tiz ewolýusiýasy sebäpli bar bolan sözlük çeşmeleri eýýäm köneldiler, olar diliň okgunly geçýän gyşarmalaryny göz öňüne almak ýagdaýynda däldirler.

Bu bolsa entek iňlis we beýleki ýewropa lingwistleri wagtyň talabyny we kontekstini tutup, edebi kadany üýtgedýänçäler, rus dili boýunça alymlaryň bu işde yza galýandyklary sebäpli şeýle bolýar. Şeýle ýagdaý, öz gezeginde ýönekeý adamlar sözleriň täze goşmaça manysyny tapmagyň deregine, açyk «höwesjeň» sözlükleri ulanyp başlamaklaryna getirýär. Hut şolaryň ýörgünli bolmagy – häzirki zaman rus leksikografiýasynyň jemgyýetiň isleglerini kanagatlandyrmak ýagdaýynda däldiginiň şaýadydyr. Häzirki zaman elektron sözlükler näçe tiz düzülse, rus dili şonça-da täze eýýamyň ruhuna gabat geler.

Şeýlelikde, dilçileriň ylmy jemgyýeti tarapyndan ykrar edilen sözlükler bar bolanda, bitarap bolar ýaly we manysy zyýan çekmez ýaly gürlemeli zadyň umumy kabul edilen kadasy kesgitlener.

Indi diliň bilmän nähili dawa döredip biljekdigine seredeliň.

Jogap: jedelli sözler ulanylanda, mysal üçin, «inwalid» ýa-da «bomž», ýagny häzirki wagtda edebi kada degişli, ýöne başga, alternatiw tersin many berip biljek sözler ulanylanda. Hut şunuň ýaly sözlere gaýtadan seretmek gerekdir.

Diňe bir sözler däl, eýsem söz düzümleri, ýüz tutmalar, atlar, käbir halatlarda hatda adam atlary gaýtadan seredilmäge degişlidir. Hatda «aýal» sözi bilen hem kemsidip boljakdygyny aýdyp bolar. Meniň mugallymym şeýle gürrüň beripdi, ýadyma düşýär, öňki Leningradyň bir ýaşaýjy aýaly haçanda oňa ýer berjek bolanynda «mama» diýip ýüzlenende döreden täsiri onda täsir galdyrypdy. Seredäýmäge 12, şeýle hem 30 ýaş berip boljak ýetginjekler barada näme diýjek. Şol sebäpli, aýratyn täsirli ýaş zenana «aýal» diýip ýüzlenip kemsitmezlik üçin, aýratyn hem, eger ol gyz bolsa, ýaş kategoriýalaryny nygtaýan gender kesgitlemelerini äsgermezlik etmeli däl.

Что такое политкорректность и почему она важна в современном мире

Şunuň ýalylara degişli etmek bolýar: oglan/gyz, gyz/ýaş ýigit, erkek/aýal, baba/mama. Öz leksikonyňda türkmenleriň gepleşikde ulanýan gender ýüz tutmalaryna hem seretmek gerekdir «aga», «daýza» we iň gyzyklysy — «gelneje».

Eger-de biz ewfemizmleri ulansak, ýagny has bitarap ýa-da başgaça aýdylanda — «ýumşadylan» kesgitlemeleri we häsiýetnamalary ulansak, biz adamyň şahsy araçägine aýratyn tolgunma bilen gararys, bu bolsa mümkin bolan düşünişmezligi aradan aýyrýar. Şol sebäpli, ýaş gyza tötänden «daýza» diýmezlik üçin, ýaşy eýýäm uly aýala bolsa – «gelneje» diýmezlik üçin, aýallar üçin hem, erkekler üçin hem umumy binar sisgender ýüzlenmelerini ulanmalydyrys.

Ýöne rus dilinde-de, türkmen dilinde-de şeýle sözleriň dilçiler tarapyndan çykarylmandygy üçin araçäkleri çyzmak aragatnaşygyň başynda şu soraglary bermek arkaly bolup geçip biler: «Bagyşlaň, size nähili ýüzlenip bilerin?».

Şeýle ýönekeýje sorag, bir tarapdan söhbetdeşiň adama hormat bilen garaýandygyny düşündirýär, beýleki bir tarapdan, aragatnaşyk prosessinde oňaýsyz pursatlaryň öňüni alýar. Ahyr soňunda, bu mowetondan gaça durmak üçin ajaýyp pursatdyr.

Geografiki atlarda has ýönekeýdir, sebäbi bu ýerde kadanyň berkidilmegi yzarlanýar. «Turkmeniýa» däl-de «Türkmenistan», «Moldawiýa» däl-de «Moldowa», «Belorussiýa» däl-de «Belarus» diýmegiň dogrudygyny ýatda saklamaly. Eger-de ýurduň başga alternatiw ady bar bolsa-da, bu onuň Konstitusiýasynda beýan edilýär. Şol sebäpli «RF»-nyň ýerine «Rossiýa» sözüni ulanmak dogrudyr, «Kirgiziýa» we «Gyrgyzystan» sözleri – dogry däl. Что такое политкорректность и почему она важна в современном мире

Hünärler bilen hem edil şeýle: çopan — maldar, obaly — daýhan, sagymçy — maşyn bilen sagma operatory, traktorçy — mehanizator, süpüriji — klining menejer, eneke — bebi sitter, ýükçi — logistiki meýdançanyň operatory, wahtýor — girilýän we çykylýan ýerleriň utgaşdyryjysy, kadrçy — eýç-ah-menejer, satyjy — satuwlar boýunça menejer, sekretar — ofis-menejer, zibilçi — arassaçylyk boýunça inžener.

Häsiýetnamalar barada aýdylanda, bu ýerde has bitarap kesgitlemelere tapawut berilmelidir: garry — gartaşan, çişik — aşa agramly, inçe — arryk, gorkunç — gorkuzyjy, betgelşik — gözelligiň umumy kabul edilen düşünjelerine gabat gelmeýän, göz öňüne getiriji — tertipli, çylşyrymly — mylaýym, başga ýerden gelen, obaly — paýtagtly däl.

Feminitiwler bilen işler has çylşyrymlydyr, rus dilinde ilkibaşdaky manysy erkek jynsa degişli şahslary aňladýan sözlerden dörän sözler, mysal üçin, uçitel — uçitelnisa, aktýor — aktrisa, ýapones — ýaponka. Şunda dilde siňişip giden feminitiwler bardyr (olary ýokarda aýtdyk), ýöne aýratyn ekzotiki, «awtorka», «buhgalterşa», «prezidentşä» we ş.m. bardyr. Rus dilinde ählisi düşnükli: diliň kanunlary bar we olary, iň bolmanda häzirlikçe, gaýtadan ýazyp bolanok. Şol sebäpli maskulitiwleri ulanmaklygy çäklendirmeli (ilkinji nobatda, erkek jynsyny aňladýan sözleri), ýöne bu diňe beýleki dillerden alnan sözlere degişlidir (adwokat, prezident, parikmaher). Ruslaryň sözleri bu babatda has çeýedir we häzirki tendensiýalara boýun egýärler: biz «turkmenka». «geroinýa», «selçanka», «tigrisa» we ş.m. diýýäris.

Ekzotizmler bar bolan rus dilli türkmen gurşawynda has çylşyrymlyrakdyr. Käbirleri «gelin» diýmegiň ýerine «gelinka» diýýär, «manatow» diýmän «manat» diýýär, «w Mary» diýmän «w Marah» diýýär, sözleriň geň galdyryjy, kiçeldiji-läliksiredilen wariantlary has ajaýypdyr — «agaşka», «daýzaşka», «gelnejeşka».

Ekzotizmleriň rus sözleri däldigini ýöňkemede üýtgemeýändiklerini we görnüşini üýtgetmeýändiklerini ýatda saklamaly. Biz: «papuas» diýmegiň ýerine «papuasik» ýa-da «frau» ýerine «frauşa» diýemizok ahyryn.

Şol sebäpli, adamlaryň arasyndaky ýykylan köprüleriň günäkäri däl-de, aragatnaşygyň araçysy bolup hyzmat etmegi üçin, janly gepleşikde sözleri gowy saýlamaly. Özüňi alyp baryşyňy düzedip, muny şol bada etmäni öwrenmeli: sebäbi siziň sözlügiňizdäki destruktiw dil birlikleri siziň endikleriňizi we durmuşda özüňi alyp barşyňy beýan edýär. Diňe özüňiň beýlekilere bolan garaýşyňyza gözegçilik etmek arkaly, özüňde sabyrlylygy we sypaýyçylygy döretmek arkaly durnuklylygy bozýan hereketleri atlandyrýan sözlerden halas bolup bolýar. Şunuň üsti bilen syýasy sypaýylyga ýetilýär.

Arslan MÄMMEDOW

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: