Täze All-TNN neýron ulgamy adamyň kabul ediş ukybyna ýakynlaşdyrýar
11.07.2025 | 14:20 |Alymlar All-Topographic Neural Network (All-TNN) atly täze neýron ulgamyny hödürlediler. Bu ulgam giňden ulanylýan dolanýan neýron ulgamlaryndan (CNN) tapawutlylykda şekilleri has adama meňzedilen usulda kabul ediş ukybyny görkezýär.
All-TNN ulgamynyň esasy aýratynlygy onuň arhitekturasynda jemlenýär: CNN ulgamy aýratynlyk detektorlaryny göçürýän bolsa, All-TNN özboluşly topografiki gurluşa eýedir. Bu gurluşda her bir giňişlik bölümi özbaşdak öwrenilýän parametrleriň toplumyna eýedir. Bu bolsa adamyň beýnisiniň işleýşini – ýagny bilimi göçürmezden ulanmagy – gaýtalaýar. Tälim berilýän wagty "ýumşaklyk çäklendirmesi" ulanylýar. Bu usul bilen goňşy neýronlar biri-birine meňzeş, ýöne doly birmeňzeş bolmadyk aýratynlyklary öwrenýärler.
Obýektleri tanamak boýunça geçirilen synaglarda All-TNN ulgamynyň adam düşünjesi bilen arasyndaky korrelýasiýa derejesi CNN bilen deňeşdirilende üç esse ýokary boldy. Klassifikasiýa takyklygy boýunça ol heniz CNN-den pes bolsa-da, All-TNN ulgamynyň energiýa netijeliligi boýunça ep-esli artykmaçlygy bar: göwrümi 13 esse uly bolmagyna garamazdan, ol 10 esse az energiýa sarp edýär. Bu bolsa serişdeleriň şekilleriň maglumat beriji bölegine ünsüň jemlenilmegi bilen üpjün edilýär.
Awtorlar, olaryň esasy maksadynyň diňe energiýa tygşytlamak däl-de, eýsem, emeli we adam aňynyň işleýşine düşünmäge ýakyn arhitekturany döretmek bolandygyny belleýärler. All-TNN-iň işlenip düzülmegi – adama meňzedilen häsiýetleri gaýtalaýan neýron ulgamlaryny döretmek ugrunda möhüm ädim bolup durýar.
ORIENT