Iň täze habarlar

Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýaş zehinler Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda çykyş etdiler

28.05.2023 | 17:35 |
 Türkmenistanyň dürli künjeklerinden ýaş zehinler Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda çykyş etdiler

Şenbe güni Milli medeni merkeziň Mukamlar köşgünde türkmen we dünýä klassiki sazynyň konserti geçirildi. Guramaçylar gaty uly iş etdiler, köp güýç sarp edildi, çäräni iň mynasyp derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikler ulanyldy. Munuň sebäbi onuň diňe konsert däldigindedi.

... Başlamazdan öň tomaşaçylar köşgüň girişinr ýygnanyp başladylar, her kim zalda iň gowy ýerleri almak isleýärdi. Sebäbi bu gün diňe bir artistler däl, çagalar hem çykyş edýärdi. Ejeler, kakalar, eneler-atalar, dostlar we synpdaşlar - hemmesi ýaş ýerine ýetirijileri goldamak üçin geldi.

Ahyrynda zalyň gapylary açyldy, tomaşaçylar ýerlerini aldylar. Alkyşlar bilen orkestriň agzalary we horuň solistleri sahna çykdylar. Tolgundyryjy baýramçylyk howasy höküm sürýärdi. Tomaşaçylar arkaýyn ýerinde oturyp bilmediler: her kim artistleriň arasynda özüniň iň gowysyny, iň zehinlisini, iň söýgülisini gözleýärdi. Ahyryn yşyklar öçdi we konsert başlandy.

Döwlet simfoniki orkestriniň baş direžýory Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygynda ýaşlar simfoniki orkestriniň, birleşen horyň we solistleriň ýerine ýetirmeginde bu çykyş, kompozitor Jemal Reýimowanyň Akmyrat Rejepowyň «Türkmenistan» goşgusyna döreden aýdymy bilen dabaraly ýagdaýda açyldy. Dirižýor Guwanç Saparalyýewiň ýolbaşçylygynda kompozitor Aman Agajykowyň simfoniki orkestri üçin «Oguzlar» kompozisiýasy hem saz äheňini goldady.

Şol agşam ýaşlygyna garamazdan hakyky hünärmenler ýaly çykyş eden ýerine ýetirijiler gezekli gezegine sahna çykýardylar. Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen çagalar başarnyklaryny tomaşaçylar bilen paýlaşmak, zehinini görkezmek üçin geldiler. Olar paýtagtymyzyň Mukamlar köşgüniň sahnasyna çykmazdan ozal berk saýlawdan geçdiler.

Şeýle hem şol agşam sahnada trombon we orkestr üçin konsert (Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy talyby solist Döwran Gylyjow), Ahal welaýatyndan Şaberdi Ýusupowyň ýerine ýetirmeginde M. Annamyradowyň «Elegiýasy», Aşgabat şäheriniň üçünji synp okuwçysy Sara Baýmuhammedowanyň ýerine ýetirmeginde D.Nuryýewiň «Preludesi» ýaňlandy.

Orkestriň we fortepýano bölüminiň üçünji synp okuwçysy Ýana Hydyrowanyň ýerine ýetiren Iogann Ştrausyň «Gök Dunaý» walsy, TMK-nyň ýörite sazçylyk internatynyň tans bölüminiň 10-njy synp okuwçylary Leýli Şalyýewa we Batyr Annagulyýewyň çykyşy, tomaşaçylary haýran galdyryp, saza goşulyp hereket etmegine getirdi.

Bu ýeke-täk tans sowgady däl: tans bölüminiň solist okuwaçylary Aýşat Rejepowanyň, Näzli Hojamowanyň we Kerwen Mergenowyň ýerine ýetirmeginde Dmitriý Şostakowiçiň «Saýawanly tansy», şeýle hem Arslan Şaripowyň (akkordeon), Seýrana Atanyýazowanyň (skripka) we 11-nji synp okuwçylary Aýgül Altyýewanyň we Hojamyrat Orazowyň (horeografiýa) ýerine ýetirmeginde Astor Piazzolanyň «Libertango» -sy tomaşaçylara hödürlendi. Ähli tans çykyşlary ýaşlar simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda ýerine ýetirildi.

Şol agşam sahnadan, klassikadan häzirki zaman eserlerine çenli dünýäniň dürli künjekleriniň sazlary ýaňlandy. Mary we Lebap welaýatlaryndan gelen sazçylyk mekdepleriniň çagalar hor toparlary tarapyndan pianino bilen bilelikde ýerine ýetirilen kompozisiýasy tomaşaçylary begendirdi. Çagalar dürli dillerde aýdym aýdýardylar. Konsertiň baýramçylyk ýagdaýy bir minudam kesilmedi, tutuş maksatnama şowhun bilen ýerine ýetirildi.

Esasanam, Gawriliniň «Eje», Krylatowyň «Ganatly kaçelýalar», üç dilde Maýkl Jeksonyň «Dünýäniň aýdymy» aýdymlary birleşdirilen horuň, solistleriň we orkestriň çykyşynda aýratyn täsir galdyrdy. Baýramyň ahyrynda konserte gatnaşyjylaryň hemmesi «Şöhrat saňa Türkmenistan» aýdymyny aýtdylar.

Tomaşaçylar ýaş artistleri uzak wagtlap goýbermediler. Çagalaryň özleri hem sahnadan aýrylmaga howlukmadylar: her kim dirižýorlar, guramaçylar bilen surata düşmek isledi, kimdir biri ýadygärlik sowgat alyşdy, soň hersi öz welaýatlaryna gidensoň hökman habarlaşar ýaly biri-birine telefon belgilerini we salgylaryny berdiler.

Çagalar duýgulardan doldy, köpsüniň gözleri şatlyk we şol bir wagtyň özünde aýrylyşmakdan gynanç ýaşlary bilen doldy, sebäbi şol aralykdaky wagtda çagalar dostlaşyp ýetiişdiler. Elbetde, bu ajaýyp waka - hemmeleri birleşdirýän sungat baýramçylygyndan ýatlama üçin, şeýle hem, çagalygyň – ajaýyp, arzuw edip we ähli zadyň amala aşýandygyna ynanyp bolýan wagty üçin hiç kim sowgatsyz galmady. Galyberse-de, çagalar özleriniň göreldesi bilen ulylara durmuşyň owadandygyny görkezýän esasy arzuw edijilerdir.

Zamira Mamedkuliýewa

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: