Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Galkynyş” töleg ulgamyny işe girizýär
01.02.2025
|05:50
|252
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze “Galkynyş” töleg ulgamyny işläp taýýarlady. Munuň özi edaralardyr şahsy taraplar üçin döwrebap bank hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmäge we ýurtdaky maliýe amallarynyň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer

RF-niň Goranmak ministrligi: Sewastopolyň azat edilmeginde türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi
01.02.2025
|05:05
|162
Sewastopolyň azat edilmeginde 87-nji aýratyn türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi. Bu barada SSSR-iň soýuz respublikalarynyň esgerleriniň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişe goşan goşandy barada gürrüň berýän, RF-niň Goranmak ministrliginiň Merkezi arhiwiniň gaznalaryndan mälim edilen gizlin resminamalarda beýan edilýär diýip, TASS habar berýär

Ženewada Türkmenistanyň SPECA başlyklygynyň çäginde çäreleriň meýilnamasy hödürlendi
01.02.2025
|04:05
|152
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPECA) başlyklygyna bagyşlanan utgaşykly görnüşde duşuşyk gurady

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk topary 19-20-nji fewralda duşuşar
01.02.2025
|03:05
|221
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky, sekizinji mejlisi 19-20-nji fewralda geçiriler. Bu möhüm waka, söwda we ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolar

Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy ugrunda Magtymgulynyň mirasy
31.01.2025
|23:55
|142
Şular ýaly at bilen, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi, taryh ylymlarynyň doktory Esen Aýdogdyýewiň Russiýanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň «Diplomatik gulluk we tejribe» atly elektron žurnalynda makalasy çap edildi

MASEM we "Täze Zaman" ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin tagallalary birleşdirýärler
31.01.2025
|23:20
|130
Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow "Täze Zaman" jemgyýetçilik birleşigi bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Türkmenistan–Özbegistan: köpugurly hyzmatdaşlygyň gün tertibinde gaz üpjünçiligi
31.01.2025
|22:50
|150
Özbek metbugatynyň habarlaryna görä, 2024-nji ýylda Özbegistan gazyň arassa importçysy bolmagyny dowam etdirip, 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, tebigy gaz satyn alyşyny 2,4 esse artdyrdy. Milli statistika Agentliginiň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan we Russiýadan jemi gaz importy 1,67 milliard dollara ýetdi

Minskiniň Dostluk öýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäreler geçiriler
31.01.2025
|21:45
|127
31-nji ýanwarda Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostlukly we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň binasynda – “Dostluk öýi” – Türkmenistanyň Minskdäki Ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen Jemgyýetiň başlygy Nina Iwanowa arasynda duşuşyk geçirildi

Türkmenistan Germaniýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär: Saarland ýerindäki duşuşyklar
31.01.2025
|20:45
|147
Türkmen-german hyzmatdaşlygyny giňeltmek we sebit derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçilikleri Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýewiň Saarland federal ýerine bolan iş sapary wagtynda ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanda mellek ýerlerinde miwe we gök önümleri öndürmek boýunça holding dörediler
31.01.2025
|17:40
|164
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 30-njy ýanwarda geçiren maslahatynda öňe sürlen täze başlangyçlar, oba hojalygyny ösdürmek, önümçiligi artdyrmak we oba ilaty üçin täze iş orunlaryny döretmek maksadyny göz öňünde tutýar