Täze poligon Daşkendi zir-zibillerden arassalar
21.07.2023 | 21:29 |Onuň gurluşygyny eýýäm noýabr aýynda tamamlamagy meýilleşdirýärler. Öý galyndylary üçin ilkinji tehnologiki taýdan ösen poligon Daşkent welaýatynda peýda bolar. Onuň çäginde zir-zibil gazyny çykarmak we soňraky elektrik energiýasy öndürmek üçin turbalar gurlar diýip, Özbegistanyň Ekologiýa, Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Zir-zibil poligony üçin 30 gektar bölünip berilip, olardan 25 gektary galyndylary ýygnamak üçin niýetlenendir. Tutuş territoriýa geotekstiller we geotor bilen örtüler. Poligonyň düýbi topragy, ýerasty suwlary we atmosferany ýaramaz täsirlerden gorajak üznüksiz jebislenen howuz bolar. Mundan başga-da, zir-ziril ýerinden suw çykarylar.
Şeýle hem taslama zir-zibil gazyny çykarmak üçin ýörite turbalary oturtmagy göz öňünde tutýar we ondan metan we elektrik öndürmek meýilleşdirilýär.
Poligon 15-20 ýyl üçin niýetlenenip, takmynan 20 million tonna zibil saklap biler. Taslamanyň bahasy 16 million dollar diýlip çaklanylýar we Aziýa Ösüş Banky tarapyndan maliýeleşdirilýär.
ORIENT news