Hazar deňzine suw guýmaly: Gazagystanyň ekologlary aladalanýarlar
14.07.2023 | 22:15 |Hazar deňziniň üstki meýdany 15 ýylda 8 müň km² azaldy. Bilermenleriň pikiriçe, suwuň derejesiniň peselmegi eýýäm ekoulgama we deňiz senagatyna täsir edip ugrady. Gazagystanyň ekologlarynyň pikiriçe, Hazara Wolga we Žaýyk derýalarynyň suwuny guýmaly – diýip, Sputnik habar berýär.
“Қазақстан Ғарыш Сапары” MK” Paýdarlar jemgyýetiniň maglumatlary deňiz düýbüniň Hazar deňziniň Gazagystan çäginiň demirgazyk böleginde ýüze çykandygyny görkezýär. 2008-nji ýylda suw üstüniň tutýan meýdany 113,8 müň km² deňdi, bu ýyl bolsa eýýäm 105,7 müň km² çenli azaldy. Uzak aralykdan geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, Hazaryň Atyrau şäheriniň golaýyndaky bölegi iň gowşak zolak diýlip atlandyryldy.
Ekologlar deňiz derejesiniň peselmegi bilen çölleriň we gamyşlaryň tutýan meýdanlarynyň köpelendigi barada duýduryş berýärler, bu bolsa öz gezeginde ýangyn howpuny döredýär. Mundan başga-da, düwlenleriň we bekre balyklarynyň köpelişi kemeldi, şeýle hem suw howdanyndaky guşlaryň höwürtgeleýän ýerleri azaldy. Bilermenleriň pikiriçe, bu meseleleri çözmäge Wolga we Žaýyk derýalarynyň deňagramlylygyny dikeltmek boýunça işjeň çäreler we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreler kömek eder.
Gazagystanyň Milli gidrometeorologiýa gullugynyň berýän habaryna görä, 1978- nji ýyldan başlap, 18 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň derejesi güýçli ýokarlanypdy. 1995-nji ýylda deňiz derejesi minus 26,62 metre ýetdi. 2006-njy ýyldan bäri deňiz derejesi peselip başlady.
ORIENT news