Nebit we gaz çykarylyşda intellektual ulgam ulanylyp başlandy
10.07.2023 | 11:11 |“Belorusneft” kompaniýasy “Sanly çig mal ýatagy” ady bilen öz desgalarynda intellektual ulgamy ulanyp başlady. Bu barada “БелТА” habarlar agentligi mälim edýär.
“Sanly çig mal ýatagy” – bu nebit we gaz çykaryşda ulanylýan tehnologiýa işine onlaýn gözegçilik edýän döwrebap sanly ulgamdyr. Ol önümçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, energiýa serişdeleriň çykarylyşyny we degişli desgalarda abatlaýyş işini geçirmegi sanlylaşdyrmagy hem-de degişli pudakda çykdajylary azaltmagy maksat edinýär.
Bu ulgam kompaniýanyň iň gadymy “Reçiskiý” diýlip atlandyrylýan ýatakda işe girizildi. Kompaniýanyň direktorynyň mälim etmegine görä, täz e sanly ulgam nebit we gaz çykaryş pudagynda täze eýýamy açar. Hünärmenler bu ulgamy mundan beýläk hem giňeltmegi maksat edinýärler.
ORIENT news